Oýun sanawy


Hytaýyň günortasyndaky Guansi-Çžuan awtonom raýonynda ýerasty sarsgynlar hasaba alyndy. Ýurduň Seýsmiki torlar merkeziniň (CENC) berýän maglumatyna görä, 18-nji maýa geçilýän gije takmynan 4 million ilatly Lýuçžou şäherinde 5,2 bal güýjünde ýer titremesi boldy. Tebigy betbagtçylygyň ojagy ýeriň sekiz kilometr çuňlugynda ýerleşdi.
Ýerli häkimiýetler we halas ediş gulluklary betbagtçylygyň netijelerini aradan galdyrmak üçin gyssagly çäreleri gördüler. Soňky maglumatlara görä, sarsgynlar sebäpli 7 müňden gowrak ýerli ýaşaýyş howpsuz ýerlere göçürildi. Ýer titremesi ilatly nokatlarda maddy zeperleriň ýüze çykmagyna sebäp boldy.
Habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, azyndan 13 sany ýaşaýyş jaýyna dürli derejede zeper ýetdi. Wakanyň netijesinde dört adam şikes alyp, hassahana ýerleşdirildi. Häzirki wagtda halas ediş toparlary dereksiz ýiten diýlip hasaplanylýan üç adamy gözlemek işlerini dowam etdirýärler.
Ýer titremesinden ejir çeken sebitlerde dikeldiş we barlag işleri alnyp barylýar. Hünärmenler mümkin bolan gaýtalanma sarsgynlary barada ilaty duýlandyrýarlar we seýsmiki ýagdaýa yzygiderli gözegçilik edýärler.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.