Oýun sanawy

Ilkinji uçuşynda kösenmez ýaly gaýnynyň torbasyna QR-kodly hat ýelmedi

18 Mart. 13:14

Çeşme

Hytaýyň Sian şäheriniň ýaşaýjysy Çžao Çen ömründe birinji gezek ýeke özi howa arkaly ýola çykýan gaýynenesine kömek etmegiň özboluşly usulyny oýlap tapdy. 60 ýaşdan geçen zenan diňe bir sowatsyz bolman, eýsem Hytaýyň iň giň ýaýran resmi gepleşik dili bolan mandarin dilinde hem gepläp bilmeýärdi. Howaýollary kompaniýasynda ýörite ugrukdyryjy hyzmatynyň ýokdugy sebäpli, Çžao bu meseläni döredijilikli çözmegi ýüregine düwdi.

Oglan gaýnenesiniň ýoltorbasyna uçuş maglumatlaryny, onuň ýagdaýyny düşündirýän we beýleki ýolagçylardan kömek soralýan uly haty ýelmedi. Hatyň mazmunynda: «Eger ony görseňiz, haýyş edýärin, kömek ediň we özüňizi meniň dostum hökmünde tanyşdyryň. Onuň ýanyndaky gyzyl kartyň üstündäki QR-kody skanirlemek arkaly gyssagly maglumatlary alyp bilersiňiz» diýen sözler bardy. Çžao bu barada sosial ulgamlarda hem habar goýdy we ol gysga wagtyň içinde millionlarça adama ýetdi.

Bu täsirli başlangyç öz miwesini berdi we şol uçuş bilen ugraýan 21 ýaşly Leý atly talyp zenana kömek etmäge taýýardygyny bildirdi. Talyp uçuş wagtynda garry zenanyň ýagdaýyny yzygiderli gözegçilikde saklady we howa menzilinde ony garaşyp duran ogluna elin gowşurdy. Ýaş ýigit hatda hyzmaty üçin hödürlenen puldan we taksi töleginden hem ýüz öwürdi. Bu waka jemgyýetde adamyň adama bolan mährini we ýaş nesliň ululara bolan hormatyny ýene bir gezek subut etdi.

Aslynda Çžao Çeniň özi 11 ýyl bäri garry adamlara kömek edýän işjeň meýletinçi hökmünde tanalýar. Gyzyl kart we QR-kod arkaly maglumat bermek pikiri hem oňa degişli bolup, ol muny köçede ýöremekde kynçylyk çekýän ýaşuly nesiller üçin oýlap tapypdyr. Bu waka häzirki zaman tehnologiýalarynyň we ynsanperwerligiň utgaşmagy netijesinde islendik kynçylygyň ýeňlip geçilip bilinjekdiginiň ajaýyp nusgasydyr.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌