Oýun sanawy

Aşgabatda Täze Yutong Awobuslary Gatnawlara Başlady

15 Sen. 10:38

Çeşme

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda täze Yutong ýolagçy awtobuslary ýolagçylara hyzmat edip başlady. 12 metre uzynlykda, üç gapyly, kondisioner bilen enjamlaşdyrylan döwrebap awtobuslar şäher gatnawlarynda hereket edýär.

Bu awtobuslar Euro-5 ekologiýa standartlaryna laýyk gelýän hereketlendirijiler bilen üpjün edilendir. Tölegler sanly ulgam arkaly kabul edilýär.

Awtoulaglarda ýolagçylaryň münmegi we düşmegi üçin gözegçilik ulgamy, sürüjiniň işini we ulagyň hereketini yzarlamak üçin wideo gözegçilik, GPS we kameralaryň ulgamy ýerleşdirilendir.

Maýyplygy bolan ýolagçylar üçin amatly şertler döredilen hem-de awtobus duralgalaryna ýetilende sesli habar beriş ulgamy ornaşdyrylandyr.

Şäher awtobus parkyny täzelemek maksatnamasynyň çäginde Aşgabat şäherine jemi 700 sany hytaý önümçiligindäki täze awtobus getirilipdir.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌