Oýun sanawy

Daşoguzda we Ýolöten etrabynda migrasiýa gullugynyň täze döwrebap edara binalary gurlar

05 Sen. 17:01

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleriniň gulluk hem-de ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen degişli Karara gol çekdi. TDH-nyň habar bermegine görä, bu resminama «Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyny ösdürmegiň 2022–2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar.

Karara mitabyk, Daşoguz şäherinde Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz welaýaty boýunça müdirliginiň täze edara binasy, şeýle hem Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda gullugyň etrap bölüminiň binasy we işgärler üçin gulluk ýaşaýyş jaýy gurlar. Täze binalaryň taslamalaryny taýýarlamak, olary döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek we töweregini abadanlaşdyrmak işleri birsydyrgyn amala aşyrylar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌