Oýun sanawy

Arkadag şäherinde täze metjidiň hasaba alynmagy mynasybetli toý sadakasy berildi

15 Awgust. 11:58

Çeşme

Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde gurluşygy alnyp barylýan iri dini binanyň resmi taýdan bellige аlynmagy mynasybetli dabaraly toý sadakasy berildi. Şäherde gurulýan täze metjide ilatyň köp sanly haýyşlary hem-de teklipleri esasynda «Arkadagyň ruhy metjidi» diýen at berilip, ol Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan degişli tertipde resmi taýdan hasaba alyndy.

Mundan öň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şähere amala aşyran iş saparynyň dowamynda ikinji tapgyryň gurluşyk taslamalary bilen tanyşyp, 30 müň orunlyk bu täze metjidiň adynyň tassyklanandygy barada habar beripdi. Şol taryhy waka mynasybetli guralan toý sadakasy şäheriň «Märkaw» medeni-dynç alyş merkezinde geçirildi.

Dabaraly çärä ýaşulular, dini wekiller hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary gatnaşdylar. Türkmenistanyň müftüsi tarapyndan tebärek çyklyp, ýurtda parahatçylygyň, agzybirligiň we rysgal-bereketlilik durnuklylygynyň saklanmagy barada, şeýle hem döwlet ýolbaşçylarynyň il-gün bähbitli işleriniň rowaçlanmagy dileg edildi.

Duz-tagam dadyp, aýat-töwir okalanyndan soňra, sadaka gatnaşan ilat wekilleri hem-de ýaşulular toplumy Gökdepe metjidine baryp, juma namazyna gatnaşdylar. Dini çärede Gurhandan aýatlar okalyp, ýurtta parahatçylyk we halkyň abadançylygy barada Beýik Biribardan dilegler edildi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌