Oýun sanawy

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi başlandy

19 Sen. 11:33

Çeşme

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän Maslahat köşgi binasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Mejlis türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçýär. Bu barada TDK habar berýär.

Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzda halkyň abadançylygyny üpjün etmäge hem-de durmuş-ykdysady ösüşi ilerletmäge gönükdirilen möhüm meseleler girýär.

Mejlise gatnaşýarlar:

  • Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasarlary,

  • Mejlisiň deputatlary,

  • ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary,

  • syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we KHBS-leriň wekilleri,

  • welaýat, etrap we şäher häkimleri,

  • ýerli halk maslahatlarynyň agzalary,

  • hormatly ýaşulular we jemgyýetçiligiň wekilleri.

Bu mejlis döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça möhüm çözgütleriň kabul edilýän giňişligidir.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌