Oýun sanawy

Sosial ulgamlarda ýaş çäklendirmeleri: Türkiýede çagalar üçin täze düzgünler güýje girýär

10 Okt. 10:05

Çeşme

2026-njy ýylyň 1-nji noýabryndan başlap Türkiýede 15 ýaşy dolmadyk çagalara sosial ulgamlardan peýdalanmak resmi taýdan gadagan edilýär. Türkiýäniň Prezidentiniň diwanynyň Kiberhowpsuzlyk müdirliginiň degişli resminamasy «Resmi Gazete» gazetinde neşir edildi. Täze kadalara partitions mit, 15-den 18 ýaşa çenli ulanyjylaryň ýaşy «e-Devlet» döwlet elektron hyzmatlary ulgamy arkaly tassyklanylar, olaryň profilleri bolsa awtomatiki usulda ýapyk sazlamalara geçiriler. Şeýle hem ýetginjekler üçin göni ýaýlymlar, şahsy mahabatlar we maslahat beriş ulgamlary çäklendiriler.

Mundan başga-da, sosial platformalar ene-atalara çagalarynyň ulanyş wagtyna, ýerleşýän ýerine we tölegli amallaryna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän gurallary hödürlemäge borçly edildi. Häzirki bar bolan bütin hasaplaryň ýaş tassyklamasy bolsa 2027-nji ýylyň 31-nji martyna çenli tamamlanmalydyr.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌