Oýun sanawy

Aşgabat – Ýolöten ugry boýunça täze awtobus gatnawy açylýar

26 Few. 08:56

Çeşme

 

«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk paýdarlar jemgyýeti 2026-njy ýylyň 1-nji martyndan başlap, Aşgabat hem-de Ýolöten şäherleriniň arasynda gündelik awtobus gatnawlarynyň ýola goýuljakdygyny mälim etdi. Täze ugur boýunça awtobuslar her gün Aşgabat şäheriniň Atamyrat Nyýazow şaýolunda ýerleşýän «Awtokombinat» awtomenzilinden sagat 13:00-da ugrar. Ýolöten şäherinden yza gaýdyş gatnawy bolsa sagat 09:00-da amala aşyrylar. Ýolagçylar biletler we goşmaça maglumatlar barada +99361-49-34-95 hem-de 44-35-20 telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilerler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌