Oýun sanawy


Türkmenistanyň döwlet neşirýat gullugy Soltan Jelaleddin barada täze kitap neşir etdi
15 Awgust. 05:45“Türkmenistan” gazetiniň ýazmagyna görä, Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugy “Sulton Jelaleddin Menguberdi” atly täze kitaby çap etdi.
Kitabyň awtorlary — Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary Orazpolat Ekaýew we Rejep Jommyýew.
Esere görä, Jelaleddin Menguberdi – watansöýülik, gahrymançylyk we batyrlyk bilen tanalýan taryhy şahsyýetdir. Kitap onuň şöhratly ömrüne we gahrymançylykly göreşlerine bagyşlanypdyr.
Birinji bapda Horezmşalar imperiýasynyň Jelaleddine çenli bolan döwri beýan edilýär.
Ikinji bap Jelaleddiniň Çingiz hanyň goşunlaryna garşy alyp baran söweşlerine gönükdirilendir.
Üçünji bapda Muhammet an-Nasawiniň eserlerindäki Jelaleddiniň keşbi barada gürrüň berilýär.
Dördünji bapda bolsa beýleki awtorlaryň eserlerindäki keşpleri seljerilýär.
Şeýle hem okanyň


Russiýa Federasiýasy 2026-2027-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany býujet ornuny bölüp berdi
Bugün 08:31Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti 2026-2027-nji okuw ýylynda ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany mugt býujet ornuny bölüp berdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin «Русский ГлаголЪ» halkara edebi bäsleşiginiň metbugat gullugyna beren interwýusynda habar berdi. Diplomatyň bellemegine görä, türkmen ýaşlarynyň Russiýanyň ÝOKM-lerinde bilim almaga bolan gyzyklanmasy ýyldan-ýyla artýar we mekdep döwründe alnan rus dili bilimi talyplar üçin esasy artykmaçlyklaryň biri bolup durýar.
Russiýanyň ilçisiniň düşündirişi ýaly, rus dilini bilmek täze talyplara dil bökdençliklerini aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge, göni öz hünär Sapaklaryna ünsy jemlemäge hem-da talyp durmuşyna çalt uýgunlaşmaga uly kömek edýär. Wolynkin Russiýanyň ýokary bilim hakyndaky diplomlarynyň lukmançylyk, inženerçilik, maglumat tehnologiýalary, ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary we ynsanperwer ylymlary boýunça giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Talyplar bilim alýan döwründe iri ylmy taslamalara we önümçilik tejribeliklerine gatnaşyp, geljekde alnan çeňňek bilimlerini öz Watanynyň ösüşiniň bähbidine peýdalanmak üçin yza dolanýarlar.
Şeýle hem diplomat Aşgabat şäherindäki «Rus öýüniň» alyp barýan işjeň çäreleri barada durup geçdi. Bu meýdançada ýylboýy Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek şertleri barada yzygiderli onlaýn-seminarlar we tegelek stol söhbetdeşlikleri guralýar. Ýaňy-ýakynda, oktýabr aýynda ol ýerde Moskwanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň wekilleriniň A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary bilen duşuşygy geçirilip, okuwa girmek mümkinçilikleri giňden wagyz edildi.