Oýun sanawy

Indoneziýadaky tebigy betbagtçylyk seýrek duş gelýän maýmynlaryň neslini bütinleý ýok bolmak howpuna düşürdi

15 Iýun. 03:49

Çeşme

Ýer ýüzüniň iň gowşak we seýrek duş gelýän adam şekilli maýmynlarynyň biri bolan tapanulian orangutanlarynyň populýasiýasy adatdan daşary howa şertleriniň emele gelmegi netijesinde düýpli we yzyna gaýtaryp boljak bolmadyk ýitgilere sezewar boldy. Halkara ekologiýa ýagdaýlaryny seljerýän hünärmenler tarapyndan bu gymmatly görnüşiň taryhi taýdan ýaşaýan çäklerinde uly ekologik üýtgeşmeleriň ýüze çykandygy hasaba alyndy. Bilermenler durnuklylygy pes bolan bu maýmynlar toparynyň şeýle agyr tebigy sarsylmalardan soň öz-özüni dikeltmek mümkinçiliginiň örän pesdigini duýdurýarlar.

Ýokary takyklykly hemra suratlarynyň seljeriş maglumatlaryna görä, Demirgazyk Sumatra sebitinde birnäçe günüň dowamynda yzygiderli ýagan harasatly tropiki ýagyşlar 1000 millimetrden gowrak ýagyn mukdaryny emele getirdi. Şeýle güýçli gidrologik basyş sebitde ägirt uly ýer süýşgünleriniň ýüze çykmagyna sebäp boldy we netijede ýigrimi akrdan gowrak meýdany tutýan gadymy tropiki tokaýlyklar doly weýran boldy. Ýer gatlaklarynyň duýdansyz süýşmegi öňden bäri dowam edip gelýän daglyk ekoulgamyny hatardan çykaryp, jandarlaryň tebigy mekanlaryny we iýmit çeşmelerini ýok etdi.

Gynançly wakanyň netijesinde 58 sany tapanulian orangutanynyň heläk bolandygy anyklandy, bu bolsa dünýäde umumy sany 800-den aşmaýan bu görnüşiň takmynan 7 göteriminiň bir pursatda ýitendigini görkezýär. Dünýäniň öňdebaryjy primatolog hünärmenleri nesil galdyrmaga ukyply bolan şunça mukdardaky sanyň ýitirilmeginiň görnüşiň genofondy üçin gaty agyr zarbadygyny nygtaýarlar. Bu waka biri-birinden aýry düşen tokaý garyndaşlar toparlarynyň arasynda nesil dowamatynyň gowşamagyna we geljekde olaryň bütinleý ýok bolup ketmegine sebäp bolup biler.

Halkara bilermenler bu kyn ýagdaýyň ýene-de bir sebäbini sebitde uzak wagtlap dowam edýän adamyň hojalyk işleriniň ýaramaz täsirleri bilen düşündirýärler. Gidroelektrik stansiýalarynyň gurluşygy, magdan gazylyp alynýan känden peýdalanylymagy we ýag palmalaryny oturtmak üçin tokaýlaryň kesilmegi orangutanlaryň göçüş ýollaryny daraldýar. Ýerli häkimiýetlerden tebigy serişdeleri ulanmak düzgünlerine täzeden seretmek we durnukly ekologik zolaklary döretmek arkaly goralýan çäkleri giňeltmek işjeň talap edilýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌