Oýun sanawy

07 Awgust. 06:00

Ýaponiýada bir hepdede 18 adam gün urmadan heläk boldy

Çeşme

28-nji iýuldan 3-nji awgusta çenli 9,5 müň adam gün urma sebäpli Ýaponiýanyň hassahanalaryna gyssagly ýerleşdirildi, olaryň 18-si gurban boldy. Bu barada ýurtda «Tiz kömegiň» wezipesini ýerine ýetirýän Ýangyn söndüriş edarasy habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.

225 adam agyr ýagdaýda üç hepdeden uzak wagt hassahana ýerleşdirildi. Olaryň ýarysyndan köpüsi ýaşy 65-den geçýär.

Ýaponiýada iýundan bäri görülmedik yssy howa dowam edýär. Isesaki şäherinde 5-nji awgustdan bäri termometrleriň sütünjigi 41,8 gradusdan ýokaryny görkezýär. Bu ýurtda şu asyryň ikinji ýarymyndan bäri howa synlamalaryň bütin taryhyndaky iň rekord derejedir.

Iň köp görülen

01 Noý. 12:24

Türkmenistanyň Prezidenti milli pul birliginiň — manadyň 32 ýyllygy bilen gutlady

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow raýatlary we bank ulgamynyň işgärlerini milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutany öz ýüzlenmesinde manadyň girizilmeginiň ýurduň ykdysady durnuklylygyny berkitmekde, maliýe garaşsyzlygyny üpjün etmekde we pul-karz ulgamyny ösdürmekde möhüm ädim bolandygyny belledi.

Prezidentiň nygtaýşy ýaly, bank ulgamy serişdeleriň dolanyşygyny üpjün etmekde, maýa goýumlaryny artdyrmakda hem-de häzirki zaman sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly maliýe hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakda möhüm orny eýeleýär.

Gutlag hatynda şeýle hem bank ulgamynyň kanunçylyk binýadyny halkara ülňülerine laýyklaşdyrmak, elektron töleg ulgamyny giňeltmek we halkara maliýe guramalary, şol sanda Halkara Valýuta Gaznasy, Bütindünýä Banky hem-de “Fitch Ratings” agentligi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işleriň dowam etdirilýändigi bellenilýär.

Serdar Berdimuhamedow belleýär, häzirki wagtda Türkmenistan ilat başyna düşýän içerki önümiň derejesi boýunça ýokary girdejili ýurtlaryň hataryna girýär, şeýle hem halkara guramalaryň ählisi ýurduň durnukly ykdysady ösüşine oňyn baha berýär.

Döwlet Baştutany gutlagynyň ahyrynda ähli watandaşlaryna berk jan saglyk, abadançylyk we Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ösüşine goşant goşmakda üstünlik arzuw etdi.