Oýun sanawy

«Moana» filmi dünýä prokatynda şowsuz boldy: Disney millionlarça dollar ýitirýär

15 Iýul. 14:42

Çeşme

Şu gün dünýäniň kino industriýasynyň üns merkezinde duran esasy habarlaryň biri hem Disney studiýasynyň meşhur «Moana» multfilminiň hakyky aktýorlar bilen düşürilen täze kino görnüşiniň prokata çykmagy sebäpli çynlakaý maliýe kynçylyklaryna duçar bolmagydyr. «Variety» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, tomaşaçylar asyl animasiýasy bary-ýogy on ýyl ozal çykan filmi gysga wagtyň içinde täzeden ekranlaşdyrmak pikirini halamadylar. Kinokompaniýanyň ýitgisiniň 100 million dollar töweregi boljakdygy çak edilýär.

Bu şowsuzlygyň iň esasy sebäbi hökmünde filmiň önümçiligine sarp edilen 250 million dollarlyk ägirt uly býujet görkezilýär. Taslamanyň öz çykdajylaryny doly ödemegi üçin dünýä boýunça azyndan 600 million dollar ýygnamagy gerek, ýöne häzirki kassa görkezijileri bu sepgide ýetmegiň juda kündügini görkezýär. Mysal üçin, film amerikan kinoteatrlarynda ilkinji günlerde çaklanylan 60 million dollaryň deregine bary-ýogy 43 million dollar toplady. Ilkinji dynç günlerindäki dünýä ýygyndysy bolsa 95 million dollardan geçmedi.

Bu maliýe çökgünligi Disney studiýasynyň klassyky animasiýalary kino görnüşine geçirmek baradaky indiki strategiyalaryna çiddileýin täsir eder. Kompaniýanyň geljekki meýilnamalary we täze taslamalary köp babatda önümçiligine başlanan «Rapunsel» remeýkiniň täjirçilik şowlylygyna bagly bolar. Kinokritikleriň pikiriçe, animasiýalary gaty çalt film görnüşine geçirmek tomaşaçylaryň gyzyklanmasyny peseldýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌