Oýun sanawy


Dünýä biržalarynda gymmat bahaly metallar arzanlady: Altyn 65 dollar aşak düşdi
25 Iýun. 04:13Nýu-Ýorkuň «COMEX» haryt biržasynda guralan soňky söwdalaşyklaryň dowamynda altynyň bahasy ep-esli aşak düşdi. Halkara maliýe maglumatlaryna görä, gymmat bahaly metal bolan altynyň bir üçlük unsiýasynyň nyrhy 64,9 amerikan dollary möçberinde arzanlap, 4 137,8 dollara çenli peseldi. Söwda biržalaryndaky bu durnuksyzlyk gymmat bahaly metallaryň bütindünýä bazaryndaky kotirowkalaryna göni täsir etdi.
Altyn bilen birwagtda, beýleki bir gymmat bahaly metal bolan kümüş hem öz bahasyny ýitirdi. Biržanyň görkezijilerine laýyklykda, kümüşiň bir üçlük unsiýasy 3,02 dollar arzanlap, 63,05 dollar sepgidine çenli düşdi. Maliýe bilermenleriniň bellemegine görä, dünýä ykdysadyýetindäki we birža söwdalaryndaky soňky üýtgeşmeler gymmat bahaly metallaryň bahalarynyň gysga möhletli durnuksyzlygyna dörän esasy sebäpleriň biri boldy.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.