Oýun sanawy


Türkmen karateçileri Aktau şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýanyň çempionatynyň ilkinji gününde 4 medal gazandylar
03 Awgust. 14:06Gazagystanyň Aktau şäherinde badalga alan karate boýunça WKF-niň Merkezi Aziýanyň 11-nji çempionatynyň ilkinji gününde Türkmenistanyň türgenleri bir altyn, bir kümüş we iki bürünç medal gazandylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
Üç gün dowam etjek ýaryşa Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 500-e golaý türgen gatnaşýar. Medallar ugrunda kadetleriň, ýaşlaryň we uly ýaşly türgenleriň arasynda kata hem-de kumite görnüşleri boýunça bäsleşilýär. Türkmenistanyň Karatedo federasiýasy tarapyndan bu ýaryşa 36 türgen, 4 tälimçi, 6 emin we 1 wekil ugradyldy.
Çempionatyň ilkinji gününde türkmen türgenleri kata görnüşinde uly üstünlik gazandylar:
Altyn medal: Muhammetresul Haýrullaýew (Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki 18-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy) — 14 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda.
Kümüş medal: Allanur Ýalkabow (Aşgabat şäherindäki 52-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy) — 16–17 ýaşly ýaşlaryň arasynda.
Bürünç medal: Musa Gurbanow (Baýramaly şäherindäki 6-njy orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy) we Şirmuhammet Garamyradow (Baýramaly şäherindäki 11-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy) — 10–11 ýaşly iň kiçi ýaş toparynda.
Çempionat dowam edýär.
Şeýle hem okanyň


«Arsenalyň» wingeri Bukaýo Saka ynsanperwerlik işleri üçin abraýly Sokrates baýragyna mynasyp boldy
Bugün 05:10Londonyň «Arsenal» klubunyň we Angliýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Bukaýo Saka köp sanly ýurtlarda mätäç adamlara we çagalara beren ynsanperwerlik kömegi üçin abraýly Sokrates baýragy bilen sylaglandy. Bu halkara sylag futbolçy 26-njy oktýabrda Londonda geçirilen «Altyn top» gowşurylyş dabarasynda dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Saka kyn ýagdaýa düşen maşgalalara hem-de çagalara lukmançylyk kömegini berýän «Big Shoe» haýyr-sahawat guramasy bilen bütin dünýä boýunça ýakyn hyzmatdaşlyk amala aşyrýar.
Bilelikdäki haýyr-sahawat taslamalarynyň çäklerinde iňlis futbolçysy Nigeriýada we beýleki Afrika ýurtlarynda çagalar üçin gaýragoýulmasyz hirurgiki operasiýalary maliýeleşdirmäge giňden goldaw berdi. «France Football» neşiriniň maglumatlaryna görä, bu ynsanperwer amallaryň netijesinde 100-den gowrak çaga saglygyny dikeltmek üçin zerur bolan lukmançylyk kömegini aldy. Mundan başga-da, Saka Türkiýede we Marokkoda bolup geçen weýrançylykly ýertitremelerden ejir çeken maşgalalar üçin wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna uly möçberde serişde gönükdirdi.
Sokrates baýragy 2022-nji ýylda «France Football» žurnaly tarapyndan «Peace and Sport» guramasy hem-de meşhur braziliýaly futbolçy Sokratesiň maşgalasy bilen bilelikde döredildi. Bu baýrak futbol wekillerine meýdançadan daşary amala aşyran jemgyýetçilik we ynsanperwerlik taslamalary üçin gowşurulýar. Baýragyň taryhdaky ilkinji eýesi senegally hüjümçi Sadio Mane bolupdy, Sakanyň bu ýeňşi bolsa sportuň jemgyýetçilik jogapkärçiligini ýene bir gezek dünýä aýan etdi.