Oýun sanawy


Dünýä futbolynyň rowaty Kriştianu Ronaldunyň uly ogly – 15 ýaşly kiçi Kriştianu Ronaldu kakasynyň iň şöhratly ýyllaryny geçiren Madridiň «Real» klubyna dolanyp geldi. «The Athletic» neşiriniň habar bermegine görä, ýaş zehin häzirki wagtda klubyň akademiýasynda tälim beriş işlerini geçirýär. Bu waka sport jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredip, geljekde ýaş futbolçynyň «karollyk klubynyň» hataryna doly goşulmagy baradaky çoluklary güýçlendirdi.
Häzirki wagtda kiçi Kriştianu 16 ýaşyna çenli bolan oýunçylaryň topary bilen işjeň meşgullanýar. Ol mundan ozal kakasynyň 2023-nji ýyldan bäri çykyş edýän Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubynyň akademiýasynda tälim alýardy. Ýaş oýunçynyň Madridde görünmegi, onuň hünär derejesini ýokarlandyrmak we Ýewropanyň iň güýçli futbol mekdepleriniň birinde özüni görkezmek isleýändiginden habar berýär.
Kiçi Ronaldunyň futbol ýoly kakasynyň karýerasy bilen berk baglydyr. Ol ozal kakasynyň çykyş eden «Mançester Ýunaýted» we «Ýuwentus» ýaly meşhur klublaryň akademiýalarynda hem üstünlikli tälim alypdy. 2025-nji ýylyň maý aýynda ýaş futbolçy Portugaliýanyň 15 ýaşyna çenli milli ýygyndysyna çagyryldy we Horwatiýada geçirilen ýaryşda uly sepgitlere ýetdi. Final oýnunda dubl hasaba alyp, öz toparynyň ýeňşine uly goşant goşmagy, onuň geljeginiň barlygyny subut etdi.
Uly Kriştianu Ronaldu «Real Madridiň» taryhynda öçmejek yz galdyran futbolçydyr. Ol bu klubyň düzüminde 438 oýunda 450 gol urup, komandanyň taryhyndaky iň oňat bombardir bolmagy başarypdy. Indi bolsa onuň oglunyň şol bir meýdançada tälim almagy, futbol janköýerlerinde täze umytlary oýarýar. Kiçi Ronaldunyň milli ýygyndynyň 17 ýaşyna çenli düzümine hem çekilmegi, onuň ýakyn ýyllarda dünýä futbolynyň täze ýyldyzyna öwrüljekdiginden nyşandyr.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň U15 futbol ýygyndysy Bakuda geçirilýän FIFA festiwalynda ilkinji ýeňişlerini gazandy
Bugün 06:20Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli (U15) ýetginjekler ýygyndysy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän FIFA-nyň bütindünýä festiwalynda we dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýär. Ýurdumyzyň ýetginjek futbolçylary L toparçada Gonkongyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda hem-de Kuk adalarynyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. Toparyň düzüminde Artýom Çernow 3 gol geçirip, iň netijeli hüjümçi boldy. Şeýle hem Guwanç Artykow, Serdar Agaýew we Zehnetdin Şarafatdinow hersi bir gezek tapawutlandylar.
Geçirilen duşuşyklarda türkmen futbolçylary Italiýanyň (1:5) we Kataryň (0:4) güýçli ýygyndylaryna ýeňilen hem bolsalar, geçiren 4 oýnundan soň 6 utuk toplap, toparçada üçünji orny eýelediler. Deslapky Tapgyryň soňky duşuşygyny milli ýygyndymyz 26-njy oktýabrda Beniniň toparçasy bilen geçirýär. Bakuwdaky bäsleşige baş tälimçi Aziz Kambarowyň we onuň kömekçisi Dawid Sarkisowyň ýolbaşçylygynda ham-da kapitan Şamyrat Namraýewiň serdarlygynda jemi 14 sany ýaş futbolçy ugradyldy.
Halkara ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, oýunlar kiçeldilen meýdançalarda 8×8 görnüşinde amala aşyrylyp, duşuşyklar 20 minutlyk iki taýmdan ybaratdyr. Deslapky tapgyrdan soň toparlar eýelän orunlaryna görä pleý-off diwizionlaryna бölünýärler we ýaryşyň dowamynda her bir ýygyndy jemi 10 oýun geçirer. Bu halkara turnir Türkmenistanyň ýaş futbolçylary üçin uly halkara tejribe we amaly mekdep öwrülýär.