Oýun sanawy


«Ahal» futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji tapgyrynda «Köpetdagy» uly hasap bilen ýeňdi
05 Aprel. 06:14Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň birinji tapgyrynyň çäginde Änewiň «Ahal» topary öz meýdançasynda Aşgabadyň «Köpetdagyny» 5:1 hasabynda utdy. Duşuşyk Aşgabat şäheriniň adybir stadionynda geçirilip, onda «Ahalyň» doly agdyklygy duýuldy. Ýer eýeleri eýýäm birinji ýarymda üç pökgi girizip, duşuşygyň ykbalyny belli etdiler.
«Ahalyň» düzüminde gollary Süleýman Mirzoýew (33-nji minut), Oraz Orazow (37), Yslam Annamyradow (45), Hakmuhammet Bäşimow (56) we Ýakupmuhammet Bäşimow (89) dagylar öz atlaryna ýazdyrdylar. «Köpetdagyň» ýeke-täk jogap pökgüsini bolsa 76-njy minutda Mekan Amanyýazow geçirmegi başardy. Duşuşygyň ahyrynda, 95-nji minutda «Ahalyň» goragçysy Ruslan Priýew bir minudyň dowamynda iki gezek sary kartoçka alyp, meýdançadan kowuldy.
Geçen möwsümiň netijeleri boýunça «Ahal» kümüş medala mynasyp bolupdy, «Köpetdag» bolsa ýaryşy ýedinji orunda tamamlapdy. Indiki tapgyrda «Ahal» 12-nji aprelde myhmançylykda «Arkadag» topary bilen duşuşar. «Köpetdag» bolsa 11-nji aprelde öz meýdançasynda Aşgabadyň «Altyn Asyryny» kabul eder.
Şeýle hem okanyň


UFC 336 ýaryşynda Karlos Prates bilen Maýkl Moralesiň arasyndaky söweş Islam Mahaçewiň indiki garşydaşyny kesgitlär
26 Okt. 11:00UFC guramasynyň ýarym orta agram derejesindäki çempiony Islam Mahaçewiň indiki garşydaşy 2027-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Torontoda geçiriljek «UFC 336» turnirinde belli bolar. Reýtingde ikinji we üçünji orunlary eýeleýän braziliýaly Karlos Prates bilen ekwadorly Maýkl Moralesiň arasyndaky duşuşykda diňe bir çempionlyk söweşine çykmak hukugy däl, eýsem ýarym orta agram derejesindäki wagtlaýyn çempionlyk guşagy hem orta goýlar. Mahaçewiň ozaokky söweşi awgust aýynda bolup geçipdi we ol irlandiýaly Ian Gerri ýeňip, ozal ýeňil agramda eýelän üstünliklerinden soň täze agramda hem öz titulyny goramagy başarypdy.
UFC-niň ýolbaşçysy Dana Waýtyň bellemegine görä, gurama Mahaçewiň söweşini 2027-nji ýylyň ýanwarynda geçirmegi meýilleşdiripdi, emma russiýaly çempion 8-nji fewraldan 8-nji marta çenli dowam etjek Remezan aýy tamamlanýança oktagona çykmakdan ýüz öwrdi. Çempionyň çykyşlarynda arakesme boljakdygy sebäpli, gurama Prates bilen Moralesiň duşuşygyny wagtlaýyn çempionlyk söweşi derejesine göterdi. Söweşijileriň ikisi hem ýokary netijeleri görkezýärler: Prates yzly-yzyna üç gezek Jeff Nil, Leon Eduards we Jek Della Maddalena ýaly garşydaşlaryny nokauta giden bolsa, Maýkl Morales UFC-de 7 duşuşykda ýeňilmän кеlýär.
Şeýle hem Torontoda geçiriljek «UFC 336» turniriniň çäklerinde guramanyň iň ýeňil agram derejesindäki häzirki çempiony Joşua Wan öz çempionlyk guşagyny goramak üçin oktagona dolanar. Mýanmaly söweşiji çempionlyk ugrundaky duşuşykda Angolada doglan we Portugaliýa wekilçilik edýän Manel Kape bilen güýç synanyşar. Bu giň göwrümli söweş agşamy halkara sport janköyerleriniň uly sabyrsyzlygy bilen garaşýan bäsleşikleriniň birine öwrer.