Oýun sanawy


Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Howa menzilinde belent mertebeli myhmany döwlet düzümleriniň wekilleri garşyladylar diýip, Halkara habarlar merkezi habar berýär.
Dostlukly döwletiň Baştutanynyň sapary döwletara dialogy mundan beýläk-de berkitmek we syýasy, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin, aýratyn-da, hoşniýetli goňşuçylyk we serhetýaka gatnaşyklary nukdaýnazaryndan möhüm ähmiýete eýedir.
Prezident Masud Pezeşkianyň halkara foruma gatnaşmagy Eýranyň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de halkara özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji daşary syýasatyny goldamaga ygrarlydygyny tassyklaýar.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.
Şeýle hem okanyň