Oýun sanawy

Gazna bazaryndaky durnuksyzlyk Ilon Masky taryhy trillioner derejesinden mahrum etdi

24 Iýun. 14:04

Çeşme

Dünýäniň iň gurply telekeçisi, «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Maskyň şahsy baýlygy gazna biržalaryndaky durnuksyzlyk sebäpli ýene-de trillionlyk sepgitden aşak düşdi. «Bloomberg» agentliginiň milliarderler indeksiniň täze görkezijilerine görä, biznesmeniň häzirki maýasy 957 milliard dollara barabar boldy. Ýatladyp geçsek, Mask «SpaceX» kompaniýasynyň bazar bahasynyň ýokarlanmagy netijesinde şu aýyň 12-sinde taryhda ilkinji resmi trillioner bolmagy başarypdy, emma ol bu taryhy rekordyny diňe iki hepde töweregi saklap bildi.

Milliarderiň maliýe ýitgileriniň esasy sebäbi, onuň iri kompaniýalarynyň paýnamalarynyň barha arzanlamagy bilen düşündirilýär. Has-da duýulýan peselme «SpaceX» kompaniýasynda bolup, emeli aň (AI) taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin niýetlenen täze maýa goýum obligasiýalarynyň çykaryljakdygy yglan edilenden soň, onuň gymmatly kagyzlary bassyr üç günläp aşak düşdi. Birža statistikasyna laýyklykda, soňky gysga wagtyň içinde «Teslanyň» «Nasdaq» biržasyndaky aksiýalary 4,14 göterim, «SpaceX-iň» kotirowkalary bolsa 17,13 göterim arzanlap, telekeçiniň umumy baýlygyny 118 milliard dollar töweregi azaltdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌