Oýun sanawy


Gazagystanly sazanda arakesme bermezden ýüzden gowrak halk aýdymyny aýdyp, dünýä rekordyny täzeledi
15 Iýun. 11:58Şakarim uniwersitetiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew etnomedeniýet ugrubonça Aziýanyň we Afrikanyň Dünýä rekordlar kitabyna girdi. Abaý sebitinde guralan ýörite çäräniň dowamynda sazanda 5 sagat 29 minudyň içinde yzly-yzyna 102 sany gazak halk aýdymyny ýerine ýetirdi.
Çykyşyň esasy aýratynlygy — ähli eserleriň hiç hili notasyz, göni ýazgysyz we fonogrammasyz, diňe ýatdan we janly ses bilen ýerine ýetirilmegidir. Düzgün boýunça her 25 aýdymdan soň 15 minut dynç almaga rugsat berilse-de, ýerine ýetiriji arakesme alardan ýüz öwürdi. Gazanylan üstünlik üçin Kaýrat Kabyşewe resmi şahadatnama we kümüş medal gowşuryldy. Bu görkeziji Rekordlar kitabynyň 2026-njy ýyldaky neşirine giriziler.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.