Oýun sanawy


Nano-tehnologiýalar ulgamynda täze açyş: Hytaýly alymlar almazlaryň maýyşgaklygyny ýokarlandyrmagy başardylar
24 Aprel. 05:27Çžençžou uniwersitetiniň barlagçylar topary dünýäniň iň gaty mineraly hasaplanýan almazyň fiziki häsiýetlerini üýtgetmegi başardylar. Geçirilen ylmy synaglaryň netijesinde, almaz kristallary nano-göwrümlere çenli kiçeldilende, olaryň adatdan daşary maýyşgaklyk we «ýumşaklyk» häsiýetlerini ýüze çykarýandygy anyklandy. Bu açyş materialşynaslyk ylmynda täze sahypany açyp, almazlaryň diňe bir gatylygy däl, eýsem çeýeligi talap edilýän ugurlarda hem ulanylmagyna mümkinçilik berýär.
Barlaglaryň barşynda diametri 4-den 13 nanometre çenli bolan nano-almazlar ýöriteleşdirilen elektron mikroskoplaryň kömegi bilen gysylyp barlanyldy. Ýokary çözgütli kameralar we duýgur datçikler arkaly almazlaryň atom gurluşynda bolup geçýän üýtgeşmeler jikme-jik hasaba alyndy. Alymlar 13 nanometrlik almazlaryň öz gatylygyny saklaýan wagtynda, 8 nanometr we ondan kiçi bolan kristallaryň takmynan 30 göterim derejesinde ýumşaýandygyny we gysylmaga garşylyk görkezme häsiýetiniň peselýändigini subut etdiler.
Ylmy barlagyň netijeleri bu geň galdyryjy üýtgeşmäniň almazyň diňe bir daşky üsti bilen däl, eýsem onuň içki gatlaklaryndaky atom arabaglanyşyklarynyň aýratynlyklary bilen şertlendirilendigini görkezdi. Kristallaryň ölçegi belli bir çäkden aşanda, maddy gurluşyň mehaniki häsiýetleri düýpli üýtgeýär. Alymlar geljekde dürli temperatura şertleriniň we gaýtadan işlemek usullarynyň bu nano-almazlaryň çeýeligine nähili täsir edýändigini has çuňňur öwrenmegi meýilleşdirýärler.
Bu täze görnüşli «maýyşgak» almazlar geljekde ýokary tehnologiýaly pudaklarda, aýratyn-da kwant hasaplamalarynda we innowasion elektronika enjamlarynda giňden ulanylyp bilner. Almazlaryň gatylyk we çeýelik häsiýetleriniň utgaşdyrylmagy, has kämil datçikleriň we ýarymgeçirijileriň döredilmegine badalga berer. Ylmy jemgyýetçilik bu açyşyň mikroskopik ulgamlaryň durnuklylygyny we netijeliligini ýokarlandyrmakda uly geljeginiň bardygyny belleýär.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.