Oýun sanawy


Ýaponiýanyň bir şäherinde meýdanlary arassalamak üçin işgärleriň deregine geçiler ulanylyp başlandy
17 Iýun. 10:57Ýaponiýanyň Ýokkaiti şäheriniň häkimligi seýilgähleri we açyk meýdançalary haşal otlardan arassalamak üçin adaty ot orujy işgärleriň deregine dokuz sany geçini işe wezipelendirip, takmynan 2 müň dollar tygşytlamagy başardy. «Mainichi Japan» neşiriniň maglumatlaryna salgylanýan «Gazeta.ru» saýtynyň habar bermegine görä, öň bu işler üçin sarp edilýän 800 müň ýen (5 müň dollar töweregi) çykdajy 500 müň ýene (3,1 müň dollar) çenli azaldy. Munuň esasy sebäbi bolsa orlan otlary daşamak we ýok etmek üçin goşmaça pulyň gerek bolman, otlaryň hemmesiniň geçiler tarapyndan iýilmegidir.
Tört aýakly «işgärler» 8-nji iýunda 4,7 inedördül kilometrlik meýdana otlamaga goýberildi. Geçiler diňe bir meýdançanyň daşky görnüşini gözelleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem boý alan gür otlary iýip, şäher howdanlarynyň suwunyň haşal otlar tarapyndan hapalanmagynyň hem öňüni alýarlar. Bu mallaryň eýesi bolan «Meýmeý» fermasynyň wekili Sýudzi Uehiranyň aýtmagyna görä, ýekeje geçi bir günüň dowamynda 90 litrlik uly torbalaryň ikisine barabar bolan gür oty arkaýyn iýip bilýär. Ýokkaiti şäheriniň häkimligi bu synag taslamasy doly şowly geçse, geljekde şäheriň beýleki künjeklerinde hem möwsümleýin işgärleriň ornuna geçileri ulanmagy meýilleşdirýär.
Şeýle hem okanyň


Özbegistanda latyn ýazuwyna esaslanýan özbek elipbiýiniň täzelenen we kämilleşdirilen görnüşi tassyklanyldy
Bugün 10:24Özbegistanyň Prezidenti latyn elipbiýine esaslanýan özbek ýazuwynyň täzelenen görnüşini tassyklamak hakyndaky möhüm kanuna gol çekdi. Resmi resminama 2027-nji ýylyň 22-nji aprelinde doly güýje girer. Elipbiýniň täze nusgasy 28 sany harpdan we apostrof belgiden ybarat bolup, ozalky ýazuwda giňden ulanylan käbir harp birleşmelerini aýratyn harplar bilen çalşyrmagy göz öňünde tutýar. Netijede, häzirki wagtda ulanylýan «Sh» harp birleşmesi «Ş», «Ch» — «Ç», «Oʻ» — «Ö», al «Gʻ» bolsa «Ğ» görnüşinde ýazylar, şeýle hem «Ng» birleşmesi elipbiýiň aýratyn birligi hökmünde aýrylar.
Täze kanunyň kabul edilmegi bilen baglylykda, Özbegistanyň Ministrler Kabineti ýakynda täzelenen latyn elipbiýine geçmek boýunça ýörite döwlet maksatnamasyny tassyklamalydyr. Bu maksatnama täze ýazuw düzgünleriniň ýurduň dürli pudaklarnda, şol sanda neşirýatda, maglumat ulgamlarynda we dolandyryş edaralarynda haýsy möhletlerde ornaşdyryljagyny anyk kesgitlər. Kanun güýje giren gününden başlap, ähli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, döwlet edaralary we resmi edaralar resminamalary täze bitewi düzgünler esasynda ýöretmäge borçly bolarlar.
Şeýle hem täze elipbiýe geçiş döwründe ýüze çykyp biljek kynçylyklaryň öňüni almak üçin ýeňillikler göz öňünde tutuldy: 2027-nji ýylyň 22-nji apreline çenli öňki elipbiýde çap edilen resminamalar, pul birlikleri we gymmatly kagyzlar öz güýjüni doly saklar. Döwlet edaralarynyň öňki nyşanlaryny, binalardaky ýazgylary we ýol görkezijilerini bolsa olar fiziki taýdan könelýänçä ýa-da hökümet maksatnamasynda görkezilen möhletlere çenli ulanmaga rugsat berler. Mundan başga-da, täze düzgünlere laýyklykda taýýarlanan mekdep okuw kitaplaryny 2031-nji ýyla çenli çap edip tamamlamak meýilleşdirilýär.