Oýun sanawy


«Ahal» topary AFK-nyň Çagyryş ligasynda Siriýanyň «Al-Ittihad» klubyndan utuldy
21 Okt. 04:19Türkmenistanyň «Ahal» futbol kluby AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Siriýanyň «Al-Ittihad» toparyndan 1:5 hasaby bilen uly ýeňlişe sezewar boldy. Butanyň Thimphu şäherindäki meýdançada geçirilen duşuşygyň birinji ýarymynda siriýaly hüjümçi Ahmed Aşkar 34-nji minutda uzak aralykdan takyk urgy bilen hasaby açdy. Ikinji ýarymda täsirini artdyran «Al-Ittihad» topary Alef Firmino hem-da Hasan Dahhanyň gollary arkaly tapawutlanyp, hasaby 3:0-a ýetirdi. Duşuşygyň soňky minutlarynda Abdul Rahman al-Hasan hem ikinji goluny geçirip, siriýalylaryň uly üstünligini berkitdi.
Baş tälimçi Eziz Annamuhammedowyň şägirtleri duşuşygyň 88-nji minutda bir gol bilen jogap bermegi başardylar. Toparyň hüjümçisi Enwer Annaýew jerime meýdançasynyň merkezinden çep aýagy bilen derwezäniň ýokarky çep burçuna takyk urgy geçirip, hasaby 1:4 etdi. Emma bary-ýogy bir minutdan soň siriýaly futbolçy al-Hasan kelle urgusy bilen özüniň ikinji goluny girizip, duşuşygyň gutarnykly hasabyny kesgitledi — 5:1. Birinji tapgyrda Butanyň «Paro» topary bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnan «Ahal» bu şowsuzlykdan soň öz toparçasynda bir utuk bilen galmagyny dowam etdirýär.
«A» toparçanyň beýleki duşuşygynda Liwanyň «Al-Ansar» topary «Paro» futbol klubyny 2:1 hasabynda utup, yzygiderli ikinji ýeňşini gazandy hem-da 6 utuk bilen birinji orny eýeledi. «Ahaly» maglub eden «Al-Ittihad» topary 3 utuk toplap, eýýäm eýeleýän ornuny gowulandyrdy. Türkmenistanyň «Ahal» we Butanyň «Paro» klublarynyň her biriniň hasabynda bolsa 1 utuk bar. Türkmen wekilleri geljekki duşuşyklarda öz mümkinçiliklerini dikeltmäge synanyşarlar.
Şeýle hem okanyň


«Arsenalyň» wingeri Bukaýo Saka ynsanperwerlik işleri üçin abraýly Sokrates baýragyna mynasyp boldy
Bugün 05:10Londonyň «Arsenal» klubunyň we Angliýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Bukaýo Saka köp sanly ýurtlarda mätäç adamlara we çagalara beren ynsanperwerlik kömegi üçin abraýly Sokrates baýragy bilen sylaglandy. Bu halkara sylag futbolçy 26-njy oktýabrda Londonda geçirilen «Altyn top» gowşurylyş dabarasynda dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Saka kyn ýagdaýa düşen maşgalalara hem-de çagalara lukmançylyk kömegini berýän «Big Shoe» haýyr-sahawat guramasy bilen bütin dünýä boýunça ýakyn hyzmatdaşlyk amala aşyrýar.
Bilelikdäki haýyr-sahawat taslamalarynyň çäklerinde iňlis futbolçysy Nigeriýada we beýleki Afrika ýurtlarynda çagalar üçin gaýragoýulmasyz hirurgiki operasiýalary maliýeleşdirmäge giňden goldaw berdi. «France Football» neşiriniň maglumatlaryna görä, bu ynsanperwer amallaryň netijesinde 100-den gowrak çaga saglygyny dikeltmek üçin zerur bolan lukmançylyk kömegini aldy. Mundan başga-da, Saka Türkiýede we Marokkoda bolup geçen weýrançylykly ýertitremelerden ejir çeken maşgalalar üçin wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna uly möçberde serişde gönükdirdi.
Sokrates baýragy 2022-nji ýylda «France Football» žurnaly tarapyndan «Peace and Sport» guramasy hem-de meşhur braziliýaly futbolçy Sokratesiň maşgalasy bilen bilelikde döredildi. Bu baýrak futbol wekillerine meýdançadan daşary amala aşyran jemgyýetçilik we ynsanperwerlik taslamalary üçin gowşurulýar. Baýragyň taryhdaky ilkinji eýesi senegally hüjümçi Sadio Mane bolupdy, Sakanyň bu ýeňşi bolsa sportuň jemgyýetçilik jogapkärçiligini ýene bir gezek dünýä aýan etdi.