Oýun sanawy


“Hazar möwsümleri” festiwaly çäklerinde Astrahanda Türkmenistanyň medeni agşamy geçirildi
26 Awgust. 07:0624-nji awgustda Astrahanda “Hazar möwsümleri” atly V halkara festiwalynyň çäklerinde Türkmenistanyň medeniýetine bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi.
Bu agşam sahnada Guseýnowlaryň aýdym-saz maşgalasy çykyş etdi: Moskwanyň “Gelikon-operasynda” çykyş edýän opera aýdymçysy Daria Guseýnowa, kompozitor we pianinoçy, şeýle hem Russiýanyň we Eýranyň Kompozitorlar birleşiginiň agzasy Mämmet Guseýnow we olaryň 11 ýaşly ogly Dary — ýaş aýdymçy, pianinoçy we aktýor, “Gelikon-opera” hem-de Russiýanyň Beýik teatrynyň çakylyk bilen çykyş edýän artisti.
Konsertde türkmen halk aýdymy, kinolardan alnan sazlar we rus hem-de ýapon şahyrlarynyň goşgularyna ýazylan eserler ýerine ýetirildi. Darianyň aýdymlary Mämmediň pianinodaky sazlaşygy bilen ýerine ýetirdi. Tomaşaçylaryň aýratyn söýgüsine Darynyň çykyşlary mynasyp boldy.
Programma dostluk we ruhy gymmatlyklary öwran täze eserleri hem öz içine aldy. Agşam “Köne Aşyryň hilesi” filminden “Söýgüli gözler” atly aýdym bilen tamamlandy.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.