Oýun sanawy

Rio-de-Žaneýroda iki dikuçaryň çaknyşmagy netijesinde alty adam wepat boldy

16 Iýun. 06:14

Çeşme

Rio-de-Žaneýro şäheriniň günbatar böleginiň asmanda iki sany dikuçar özara çaknyşdy. Ýurduň ýangyn söndüriş gullugynyň beren maglumatyna görä, heläkçilikde azyndan alty adam durmuşyny ýitirdi.

Braziliýanyň «O Globo» neşiriniň ýazmagyna görä, çaknyşmadan soň dikuçarlar elektrik ulaglary satylýan salonyň awtodurolbackground meýdançasyna gaçdy. Bu bolsa güýçli ýangynyň döremegine we durolgadaky 20 töweregi awtoulagyň doly ýanmagyna sebäp boldy.

Braziliýada kiçi göwrümli uçuş apparatlarynyň gatnaşmagyndaky heläkçilikler ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Ýadyňyzda bolsa, geçen aý Belu-Orizonti şäherinde ýeňil uçar binalaryň birine urulyp, iki adam wepat bolupdy.

















Russiýanyň paýtagtynda iň uzak ýaşly ýaşaýjylaryň ýaş görkezijileri aýan edildi

10 Sen. 08:16

Çeşme

Moskwa şäherinde häzirki wagtda iň uly ýaşly zenan ýaşaýjynyň 108 ýaşy, iň uly ýaşly erkek ýaşaýjynyň bolsa 105 ýaşy doldy. Bu barada şäheriň Zähmet we ilaty sosial taýdan goramak edarasyna salgylanmak bilen «Gazeta.ru» neşiri habar berýär.

Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, Moskwada ortaça ömür dowamlylygy 2026-njy ýylda 80 ýaşdan gowrak bolar. Ýaşaýjylaryň ömür dowamlylygynyň mundan beýläk-de artmagy öňüni alyş lukmançylygynyň kämilleşmegi, emeli aň tilsimleriniň ornaşdyrylmagy hem-de şäher infrastrukturasynyň ösmegi bilen baglanyşdyrylýar.

Russiýa Federasiýasy boýunça ilatyň iň uzak ýaşaýan sebitleriniň sanawynda Inguşetiýa Respublikasy birinji orny eýeleýär. Şeýle hem ýokary görkezijili sebitleriň hataryna Dagystan, Moskwa şäheri, Kabardin-Balkar we Garaçaý-Çerkez respublikalary girdi.