Oýun sanawy
Aşgabatda Nurygandym Hojamuhammedowyň döredijilik agşamy uly üstünlik bilen geçirildi
23 Mart. 14:1823-nji martda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor we dirižor Nurygandym Hojamuhammedowyň döredijilik agşamy uly üstünlik bilen geçirildi. Bu çäre paýtagtymyzyň medeni durmuşynda möhüm we ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy.
Bu agşamda ýurduň öňdebaryjy sungat toparlary bir sahnada çykyş etdiler. Kompozitoryň eserleri Döwlet simfoniki orkestriniň, Döwlet horunyň hem-de ýurdumyzyň meşhur aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy. Konsertiň maksatnamasy dürli saz ugurlaryny öz içine alyp, tomaşaçylara kompozitoryň baý döredijilik mirasyny has çuňňur duýmaga mümkinçilik berdi.
Agşamyň aýratyn täsiri Nurygandym Hojamuhammedowyň eserleriniň duýgy baýlygy bilen baglanyşykly boldy. Milli däpler bilen häzirki zaman saz sungatynyň sazlaşykly utgaşmasy diňleýjilerde uly täsir galdyrdy.
Tomaşaçylar çykyşlary uly ruhubelentlik bilen garşy alyp, sahnadaky ýerine ýetirijileri dowamly el çarpyşmalar bilen goldadylar. Gatnaşyjylaryň bellemegine görä, bu konsert olaryň ýüreklerinde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Döredijilik agşamy diňe bir ýokary derejeli saz çäresi bolman, eýsem milli sungaty wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.
Şeýle hem okanyň