Oýun sanawy


Aşgabatda bilim ulgamynda emeli aňyň orny boýunça halkara maslahat geçiriler
Awgust aýynyň 29-na Aşgabatda "Bilim ulgamynda durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde emeli aňyň mümkinçilikleri" atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler.
Maslahatyň guramaçylary — Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de ÝUNESKO-nyň Bilim boýunça maglumat tehnologiýalary instituty (UNESCO IITE) bolup çykyş edýär. Maslahatda emeli aň tehnologiýalarynyň milli we halkara bilim ulgamlaryna ornaşdyrylmagy, şeýle hem bu ugurda öňdebaryjy tejribeler ara alnyp maslahatlaşylar.
Maslahatyň gün tertibine ÝUNESKO-nyň wekilleriniň, halkara bilermenleriň, Türkmenistanyň bilim işgärleriniň we alymlarynyň çykyşlary giriziler.
Duşuşykda bilimiň sanlylaşdyrylmagy, sanly hem-de media sowatlylygynyň ösdürilmegi, emeli aňyň ahlak taýdan ulanylyşy we innowasion bilim tehnologiýalary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Üns merkezinde — şahsylaşdyrylan okuw, tankydy pikirlenmäniň ösdürilmegi we bilim maksatnamalarynyň häzirki zaman talaplaryna laýyk getirilmegi bolar.
Maslahat halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik döreder. Türkmenistanyň Bilim ministrligi ÝUNESKO-nyň goldawy bilen bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça giňişleýin strategiýany durmuşa geçirýär. Bu strategiýa tehnologik infrastruktura, mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak we sanly başarnyk standartlaryny döretmek ýaly ugurlary öz içine alýar.
Şeýle hem okanyň
Iň köp görülen


Türkmenistanda Biologiýa boýunça IV Halkara internet olimpiadasy geçiriler
Noýabr aýynyň 20-ne Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Biologiýa boýunça IV Halkara internet olimpiadasy geçiriler. Bu bäsleşige Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşyp bilerler.
Biologiýa ylmy bilen gyzyklanýan we bu ugurda bilim alýan ähli talyplar olimpiadada güýç synanyşmaga çagrylýar.
Hasaba alyş prosesi 15-nji noýabra çenli açyk. Hasaba giren talyplara olimpiadadan bir gün öň görkezilen elektron poçta salgysyna giriş maglumatlary iberiler.
Goşmaça maglumat almak üçin:
uniwersitetiň sahypasy: www.tdlu.edu.tm (Halkara olimpiada bölümi);
telefonlar: +993-12-48-99-32, +993-63-58-51-11, +993-65-68-25-42;
elektron poçta: tdlu.iolimp@gmail.com.