Oýun sanawy

«Arkadag» FK AFK-2 Çempionlar ligasyndaky taryhy ýoluny tamamlady

19 Few. 04:33

Çeşme

Türkmenistanyň häzirki çempiony «Arkadag» topary Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» kluby bilen bolan jogap duşuşygyndan soň Aziýanyň abraýly ýaryşy bilen hoşlaşdy. Er-Riýaddaky bäsleşik meýdan eýeleriniň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Oýnuň möhüm pursatlary:

  • Irki gol: Duşuşygyň 2-nji minutynda Abdulrahman Garibiň geçiren goly oýnuň ykbalyny çözdi.

  • Düzümdäki üýtgeşmeler: «Arkadag» bu gezek 5-3-2 taktikasy bilen goranyşda has berk durmaga çalyşdy. Duşuşykda täze transfer Meýlis Diniýew ilkinji gezek meýdança çykdy, ýöne hüjümde garaşylýan netije bermedi.

  • Garşydaşyň güýji: «Al-Nassr» Ronalduzyz oýnasa-da, ikinji ýarymda meýdança çykan Joao Feliks we Kingsli Koman ýaly ýyldyzlar arkaly oýnuň depginini saklamagy başardy.

  • Gyzyl duýduryş: Oýnuň ahyrynda Güýçmyrat Annagulyýewiň meýdançadan çykarylmagy myhmanlar üçin ýagdaýy has-da kynlaşdyrdy.

Umumy hasapda 0:2 ýeňlen «Arkadag» üçin bu möwsüm şowly boldy. Topar öz taryhynda ilkinji gezek halkara ýaryşyň pleý-off tapgyryna çykyp, türkmen futbolynyň abraýyny belende göterdi. Indi «Al-Nassr» çärýek finalda BAE-niň «Al-Wasl» topary bilen güýç synanyşar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmenistanyň U15 futbol ýygyndysy Bakuda geçirilýän FIFA festiwalynda ilkinji ýeňişlerini gazandy

Bugün 06:20

Çeşme

Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli (U15) ýetginjekler ýygyndysy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän FIFA-nyň bütindünýä festiwalynda we dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýär. Ýurdumyzyň ýetginjek futbolçylary L toparçada Gonkongyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda hem-de Kuk adalarynyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. Toparyň düzüminde Artýom Çernow 3 gol geçirip, iň netijeli hüjümçi boldy. Şeýle hem Guwanç Artykow, Serdar Agaýew we Zehnetdin Şarafatdinow hersi bir gezek tapawutlandylar.

Geçirilen duşuşyklarda türkmen futbolçylary Italiýanyň (1:5) we Kataryň (0:4) güýçli ýygyndylaryna ýeňilen hem bolsalar, geçiren 4 oýnundan soň 6 utuk toplap, toparçada üçünji orny eýelediler. Deslapky Tapgyryň soňky duşuşygyny milli ýygyndymyz 26-njy oktýabrda Beniniň toparçasy bilen geçirýär. Bakuwdaky bäsleşige baş tälimçi Aziz Kambarowyň we onuň kömekçisi Dawid Sarkisowyň ýolbaşçylygynda ham-da kapitan Şamyrat Namraýewiň serdarlygynda jemi 14 sany ýaş futbolçy ugradyldy.

Halkara ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, oýunlar kiçeldilen meýdançalarda 8×8 görnüşinde amala aşyrylyp, duşuşyklar 20 minutlyk iki taýmdan ybaratdyr. Deslapky tapgyrdan soň toparlar eýelän orunlaryna görä pleý-off diwizionlaryna бölünýärler we ýaryşyň dowamynda her bir ýygyndy jemi 10 oýun geçirer. Bu halkara turnir Türkmenistanyň ýaş futbolçylary üçin uly halkara tejribe we amaly mekdep öwrülýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌