Oýun sanawy


AFK-nyň Çempionlar ligasy – 2: "Ahal" topary Eýranyň "Sepahan" toparyny Arkadagda kabul eder
20 Okt. 12:3521-nji oktýabrda Arkadag şäherindäki täze stadionda AFK-nyň Çempionlar ligasy – 2-niň toparçalaýyn tapgyrynyň nobatdaky duşuşygy geçiriler. Türkmenistanyň geçen möwsümdäki kümüş medal eýesi "Ahal" topary, Eýranyň öňdebaryjy futbol klublarynyň biri bolan "Sepahan" bilen duşuşar. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 18:45-de başlar.
Bu toparlar "C" toparçasynda Iordaniýanyň "Al-Husseýin" we Hindistanyň "Mohun Bagan" klublary bilen bilelikde çykyş edýärler. Häzirki wagtda "Ahal" topary iki duşuşykdan soň 3 utuk bilen ikinji orunda barýar. Olar öňki oýnunda "Mohun Bagan" bilen duşuşyp, 1:0 hasabynda ýeňiş gazandylar.
"Sepahan" topary bolsa ilkinji duşuşygynda Iordaniýanyň "Al-Husseýin" toparyndan 0:1 hasaby bilen ýeňildi we entek utuk toplap bilenok.
Bu duşuşyk "Ahal" üçin örän möhüm bolup durýar. Ýeňiş gazanmak toparyň ýaryşyň indiki tapgyryna çykmak mümkinçiligini artdyrar we toparçadaky ornuny pugtalandyrar.
10 müň adamlyk täze stadionda geçiriljek oýunda futbol janköýerleriniň gyzgalaňly goldawy garaşylýar. Bu duşuşyk AFK-nyň Çempionlar ligasy – 2-niň möwsümindäki iň çekeleşikli we uly üns çekýän oýunlarynyň biri bolmagyna garaşylýar.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Hytaýda geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşar
26 Okt. 08:09Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry — 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji Dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eder. Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň toparyny 10 sany türgen gorar. Zenanlaryň arasynda Ogulşat Amanowa, Şabnam Kerimbaýewa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa we Anamjan Rustamowa çykyş ederler. Erkekleriň bäsleşiginde bolsa Didarbek Jumabaýew, Bektimur Reýimow, Gaýgysyz Töräýew, Rüstem Annaberdiýew hem-de Şahzadbek Mätýakubow dagylar platforma çykarlar.
Ninbodaky bu Dünýä birinjiligi Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) tarapyndan agram derejeleriniň täze ulgamy kabul edilenden soňky ilkinji iri ýaryş bolup durýar. IWF-niň reformalaryna laýyklykda, öňki 20 agram derejesiniň deregine indi medallar toplumy 16 ugur boýunça — erkekleriň we zenanlaryň hersinde 8 agram derejesinde oýnalar. Şeýle hem Hytaýda geçiriljek bu abraýly bäsleşik 2028-nji ýylda Los-Anjelesde (ABŞ) guraljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş hökmünde uly strategik ähmiýete eýedir.
Bellenilmeli zat, Hytaý öz taryhynda eýýäm ikinji gezek agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny kabul edýär; bu ýurtda ilkinji dünýä birinjiligi 1995-nji ýylda geçirilipdi. Türkmen türgenleriniň täze agram derejelerinde görkezjek netijeleri milli sportumyzyň halkara meýdançasyndaky ornuny pugtalandyrmaga we Olimpiýa lisenziýalaryny gazanmaga uly mümkinçilik döreder.
Şeýle hem okanyň