Oýun sanawy


Infantino gaýtmyşym etdi: Dünýä çempionatyny bölekleýin hususylaşdyrmak meýilnamasy ýatyryldy
01 Awgust. 10:43Halkara futbol assosiasiýalary federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino Ýewropa, Aziýa, Demirgazyk we Merkezi Amerika konfederasiýalarynyň garşylyklaryndan soň, futbol boýunça dünýä çempionatlaryny geçirmäge hususy maýadarlary çekmek baradaky teklip taslamasyny yzyna aldy.
«Ähli pikirleri dykgat bilen diňläp, men bir zada düşündim, bu taslama şeýle bir bölünişige getirdi welin, taslamanyň goldaw derejesine garamazdan, ol mundan beýläk göz öňünde tutulan maksatlara hyzmat etmeýär» – diýip, Infantinonyň beýanatyny «Reuters» agentligi getirýär.
Sport ýolbaşçysynyň bu başlangyjyny Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA), Demirgazyk, Merkezi Amerika we Karib basseýniniň futbol konfederasiýasy (KONKAKAF) hem-de Aziýa futbol konfederasiýasy (AFK) berk ýazgardy. Bu bolsa Infantinonyň taslamasynyň FIFA-da barybir köp ses alyp bilmejekdigini aňladýardy, sebäbi dünýäniň milli futbol federasiýalarynyň we birleşikleriniň tas üçden iki bölegi bu üç guramanyň düzümine girýär.
Şeýle hem okanyň


«Arsenalyň» wingeri Bukaýo Saka ynsanperwerlik işleri üçin abraýly Sokrates baýragyna mynasyp boldy
Bugün 05:10Londonyň «Arsenal» klubunyň we Angliýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Bukaýo Saka köp sanly ýurtlarda mätäç adamlara we çagalara beren ynsanperwerlik kömegi üçin abraýly Sokrates baýragy bilen sylaglandy. Bu halkara sylag futbolçy 26-njy oktýabrda Londonda geçirilen «Altyn top» gowşurylyş dabarasynda dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Saka kyn ýagdaýa düşen maşgalalara hem-de çagalara lukmançylyk kömegini berýän «Big Shoe» haýyr-sahawat guramasy bilen bütin dünýä boýunça ýakyn hyzmatdaşlyk amala aşyrýar.
Bilelikdäki haýyr-sahawat taslamalarynyň çäklerinde iňlis futbolçysy Nigeriýada we beýleki Afrika ýurtlarynda çagalar üçin gaýragoýulmasyz hirurgiki operasiýalary maliýeleşdirmäge giňden goldaw berdi. «France Football» neşiriniň maglumatlaryna görä, bu ynsanperwer amallaryň netijesinde 100-den gowrak çaga saglygyny dikeltmek üçin zerur bolan lukmançylyk kömegini aldy. Mundan başga-da, Saka Türkiýede we Marokkoda bolup geçen weýrançylykly ýertitremelerden ejir çeken maşgalalar üçin wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna uly möçberde serişde gönükdirdi.
Sokrates baýragy 2022-nji ýylda «France Football» žurnaly tarapyndan «Peace and Sport» guramasy hem-de meşhur braziliýaly futbolçy Sokratesiň maşgalasy bilen bilelikde döredildi. Bu baýrak futbol wekillerine meýdançadan daşary amala aşyran jemgyýetçilik we ynsanperwerlik taslamalary üçin gowşurulýar. Baýragyň taryhdaky ilkinji eýesi senegally hüjümçi Sadio Mane bolupdy, Sakanyň bu ýeňşi bolsa sportuň jemgyýetçilik jogapkärçiligini ýene bir gezek dünýä aýan etdi.