Oýun sanawy

Ak tam: Donald Tramp futbol boýunça dünýä çempionatynyň finalyna gatnaşar

18 Iýul. 08:01

Çeşme

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Nýu-Ýorkda Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) ýolbaşçylarynyň hormatyna ýörite kabul edişlik guramasy hem-de Ispaniýa bilen Argentinanyň milli ýygyndylarynyň arasynda geçiriljek dünýä çempionatynyň final oýnuna şaýat bolmagy meýilleşdirýär. TASS agentliginiň Ak tamyň metbugat sekretary Kerolaýn Liwitte salgylanyp beren habaryna görä, Prezident Tramp 19-njy iýulda Nýu-Jersi ştatynda boljak taryhy duşuşykda ýeňiji bolan topara dünýä çempionynyň kubogyny öz gollary bilen gowşurar.

Beýleki tarapdan, «INTERFAX.RU» neşiriniň habar bermegine görä, Argentinanyň Prezidenti Hawýer Mileý öz ýygyndysyny goldamak üçin ABŞ-a gitmezlik kararyna geldi. Ol final oýnuna öz iş ýerinde tomaşa eder. Beren beýanatynda Mileý muny özboluşly bir yrym bilen düşündirdi:

«Ýok, men gitmeýärin. Men çempionatyň ilkinji gününden bäri oýunlara Oliwosdaky (Buenos-Aýresiň golaýyndaky prezident rezidensiýasy) kabulhanada tomaşa edýärin. Bu meniň yrymym, oýunlary hemişe gyzym, uýam bilen bilelikde görýärin».

















Türkmen türgenleri Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynda 11 medal gazandylar

08 Sen. 13:45

Çeşme

Gyrgyzystanda geçirilen VI Bütindünýä çarwadarlar oýunlary dabaraly ýagdaýda tamamlandy. Dünýäniň 106 ýurdundan 3 müňe golaý türgeniň gatnaşmagynda geçen bu halkara etnosport ýaryşynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy uly üstünlik gazandy. Biziň pälwanlarymyz bäsleşikleriň netijeleri boýunça 2 altyn, 3 kümüş we 6 bürünç — jemi 11 medal eýeläp, umumy medal sanawynda 7-nji orny eýelediler. Меdal toplamakda birinji orny Gazagystan, ikinji orny Gyrgyzystan, üçünji orny bolsa Russiýa eýeledi.

Milli ýygyndymyzyň türgenleri milli göreş, kuraş, alyş, ssirym, gazak we azerbaýjan göreşleri ýaly ugurlarda tapawutlandylar. Bäsleşikleriň maksatnamasy diňe bir güýç synanyşyklaryny däl, eýsem kök-börü, er-eňiş, guşly aw oýunlary we «otly çapyksuwar» şowusy ýaly täsirli medeni dabaralary hem öz içine aldy. Ýapylyş dabarasynda dron şüweleňi we halkara konsert geçirildi, şeýle hem nobatdaky VII Oýunlary 2028-nji ýylda geçirmek gezegi Russiýanyň Kazan şäherine gowşuryldy.