Oýun sanawy


Tailandyň ýygyndysy Bangkokdaky ýeňişden soň Aziýa Kubogy — 2027-ä gatnaşmaga hukuk gazandy
31 Mart. 15:03Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy — 2027-niň saýlama tapgyrynyň iň möhüm oýnunda şowsuzlyga uçrady. 31-nji martda Bangkok şäheriniň «Rajamangala» stadionynda geçirilen duşuşykda meýdan eýeleri bolan Tailandyň topary türkmen futbolçylaryndan 2:1 hasabynda üstün çykdy. Bu ýeňliş Türkmenistanyň yklymyň iň abraýly ýaryşynyň final tapgyryna barmak baradaky umytlaryny puja çykardy.
Oýnuň birinji ýarymy Tailandyň güýçli hüjümleri bilen başlandy we eýýäm 14-nji minutda hasap açyldy. S. Burirat burçdan depilen topy oňaýly peýdalanyp, kellesi bilen uran zarbasy arkaly derwezäni takyk nyşana aldy. Ikinji ýarymda Türkmenistanyň ýygyndysy oýun badyny artdyryp, 60-njy minutda hasaby deňlemegi başardy. Timur Çaryýew jerime meýdançasynyň daşyndan uran güýçli we owadan zarbasy bilen hasaby 1:1 görnüşine getirdi.
Emma duşuşygyň iň soňky minutlary Türkmenistan üçin agyr netije bilen tamamlandy. Oýnuň 89-njy minutynda, ýagny esasy wagtyň gutarmagyna sanlyja pursatlar galanda, M. Bir burçdan çykarylan topy kellesi bilen urup, Tailandyň ýygyndysyna ýeňiş getiren goly geçirdi. Bu gol Tailandy 2:1 hasabynda öňe çykaryp, olaryň Aziýa Kubogyna barýan ýoluny açdy.
Turnir jedweliniň netijelerine görä, Tailand 15 utuk bilen «D» toparynda birinji ýeri eýeledi we 2027-nji ýylda Saud Arabystanynda geçiriljek ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandy. Aşgabatda geçirilen ilkinji oýunda 3:1 hasabynda ýeňiş gazanan Türkmenistana bu gezek deňme-deň hasap hem ýeterlik boljakdy, emma şowsuzlyk toparymyzy 12 utuk bilen ikinji orunda galdyrdy. Şri-Lanka 9 utuk bilen üçünji, Hytaý Taýbeýi bolsa utuksyz soňky orny eýeledi.
Şeýle hem okanyň


«Arsenalyň» wingeri Bukaýo Saka ynsanperwerlik işleri üçin abraýly Sokrates baýragyna mynasyp boldy
Bugün 05:10Londonyň «Arsenal» klubunyň we Angliýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Bukaýo Saka köp sanly ýurtlarda mätäç adamlara we çagalara beren ynsanperwerlik kömegi üçin abraýly Sokrates baýragy bilen sylaglandy. Bu halkara sylag futbolçy 26-njy oktýabrda Londonda geçirilen «Altyn top» gowşurylyş dabarasynda dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Saka kyn ýagdaýa düşen maşgalalara hem-de çagalara lukmançylyk kömegini berýän «Big Shoe» haýyr-sahawat guramasy bilen bütin dünýä boýunça ýakyn hyzmatdaşlyk amala aşyrýar.
Bilelikdäki haýyr-sahawat taslamalarynyň çäklerinde iňlis futbolçysy Nigeriýada we beýleki Afrika ýurtlarynda çagalar üçin gaýragoýulmasyz hirurgiki operasiýalary maliýeleşdirmäge giňden goldaw berdi. «France Football» neşiriniň maglumatlaryna görä, bu ynsanperwer amallaryň netijesinde 100-den gowrak çaga saglygyny dikeltmek üçin zerur bolan lukmançylyk kömegini aldy. Mundan başga-da, Saka Türkiýede we Marokkoda bolup geçen weýrançylykly ýertitremelerden ejir çeken maşgalalar üçin wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna uly möçberde serişde gönükdirdi.
Sokrates baýragy 2022-nji ýylda «France Football» žurnaly tarapyndan «Peace and Sport» guramasy hem-de meşhur braziliýaly futbolçy Sokratesiň maşgalasy bilen bilelikde döredildi. Bu baýrak futbol wekillerine meýdançadan daşary amala aşyran jemgyýetçilik we ynsanperwerlik taslamalary üçin gowşurulýar. Baýragyň taryhdaky ilkinji eýesi senegally hüjümçi Sadio Mane bolupdy, Sakanyň bu ýeňşi bolsa sportuň jemgyýetçilik jogapkärçiligini ýene bir gezek dünýä aýan etdi.