Oýun sanawy

Kaka etrabynda görnükli aýdymçy Nabat Nurmuhammedowanyň ýubileýine bagyşlanan medeni çäre guraldy

20 Maý. 06:52

Çeşme

Balkan we Ahal sebitleriniň medeni durmuşynda öçmejek yz galdyran Türkmenistanyň at gazanan artisti Nabat Nurmuhammedowanyň doglan gününiň 100 ýyllyk şanly senesi mynasybetli Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň medeniýet öýünde dabaraly aýdym-sazly agşam geçirildi. Milli sungatymyzyň taryhynda uly orun tutan ussadyň hatyrasyna guralan bu medeni çäre barada ýurdumyzyň esasy metbugat edaralary habar berýärler.

«Ýüreklere ýol salan bagşy» diýlip atlandyrylan bu dabaranyň barşynda çykyş eden medeniýet we sungat işgärleri Sahy bagşy ýaly görnükli ussadyň ýoly bilen giden bagşynyň manyly ömri we döredijilik dünýäsi barada durup geçdiler. Ýygnananlar aýdymçynyň türkmen aýdym-saz sungatynyň altyn gaznasyny baýlaşdyrmakda bitiren hyzmatlaryna we onuň ýetişdiren şägirtleriniň alyp barýan işlerine ýokary baha berdiler.

Dabarada bellenilişi ýaly, halypanyň seýrek duş gelýän zehini irki ýaşlarda ýüze çykyp, ol 16 ýaşynda eýýäm Döwlet filarmoniýasynyň düzümine kabul edilýär we hünär ussatlygyny kämilleşdirip başlaýar. Şeýle hem bagşynyň 1941 — 1945-nji ýyllaryň harby synaglary döwründe aýdym-saz topary bilenfront liniýalarynda we harby bölümlerde çykyş edip, esgerleriň ruhuny götermekde görkezen gahrymançylygy aýratyn bellenip geçildi.

Medeni çäräniň aýdym-sazly bölüminde halypanyň ýoluny dowam edýän zehinli aýdymçylar, şol sanda onuň şägirdi, Türkmenistanyň halk artisti Şemşat Hojaýewa çykyş etdi. Konsertiň dowamynda ussadyň repertuaryndan orun alan «Galmanam», «Tüni derýa», «Zülpüň seniň», «Çykdym güller» ýaly meşhur halk aýdymlary täze öwüşginde ýerine ýetirilip, tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy

26 Okt. 07:21

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.

Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌