Oýun sanawy

Asly Türkmenistandan bolan Kononenko kosmosa syýahatyny dowam etdirmegi maksat edinýär

19 Awgust. 13:09

Çeşme

Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany, “Roskosmos” kosmonawt toparynyň komandiri Oleg Kononenko, kosmosda geçiren umumy wagty boýunça dünýä rekordyny eýeleýän maşgalasy goldaw berýänçä kosmos uçuşlaryny dowam etdirmek isleýändigini aýtdy. Bu barada TASS habar berdi. Kononenko "Durmuşymy başga bir ugurda göz öňünde tutamok. Uçmak isleýärin we maşgalam dürli sebäplere görä ýa-da fiziki çäklendirmeler sebäpli bes et diýýänçä uçmagy dowam etdirerin" diýdi. Kosmonawtyň pikiriçe, professional işini dowam etdirmek üçin oňa goşmaça itergi gerek däl. "Bu, iň halanýan işim. Halaýan we durmuşda islän zadymy edýärin. Şonuň üçin goşmaça höwes talap etmeýärin". Kononenko, 2024-nji ýylyň 4-nji fewralynda Halkara kosmos stansiýasynda işleýän wagty kosmosda geçirilen umumy wagt rekordyny täzeledi. Şol ýylyň 5-nji iýunynda kosmosda jemi 1000 gün geçiren taryhda ilkinji adam boldy. Bäşinji kosmos ekspedisiýasyny tamamlandan soň, Kononenko täze dünýä rekordyny goýdy - kosmosda jemlenen 1111 gün. Kononenko 1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmen SSR-iň Çärjew (häzirki Türkmenabad) şäherinde dünýä indi. 1981-nji ýylda 15-nji orta mekdebi gutardy.Oleg Kononenko çagalygynda, türkmen topragynda kosmos gözlegini arzuw edip başlady.
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌