Oýun sanawy


Hindistanda azyk dükanynyň eýesi obadaşlaryna kine saklap, sekiz adamy gezekme-gezek zäherledi
26 Iýun. 07:32Hindistanyň Çhattisgarh ştatynda ýerleşýän Harwe obasynda durnuksyz we sarsydyjy waka ýüze çykdy. Ýerli azyk dükanynyň eýesi, 50 ýaşly Ramsahaý Jaýswal soňky dört aýyň dowamynda sekiz sany obadaşyny meýilli ýagdaýda zäherländigi üçin polisiýa tarapyndan tussag edildi. «The Times of India» neşiriniň maglumatlaryna salgylanýan «rg.ru» saýtynyň habar bermegine görä, derňewde jenaýatçy özüniň göwnüne degen ýaşaýjylary zäherlemek üçin ýörite meýilnama düzendigini boýun aldy. Ol munuň üçin ilki goňşusyndan «gemrijileri ýok edýän zäher» diýip awy satyn alypdyr we onuň güýjüni barlamak üçin eýesiz ite berip görüpdir. It ölenden soň, ol betniýetli dildüwşügini amala aşyryp başlapdyr.
Jaýswal özünden öýkelän ýa-da göwnüne degen obadaşlaryny dürli bahanalar bilen gezekme-gezek öýüne myhmançylyga çagyryp, olaryň içgilerine zäher goşupdyr. Ol bu gabahat işiniň sebäplerini düşündirende, goňşularynyň öz üstünden gülendiklerini, pul bergilerini öz wagtynda bermändiklerini, tersokanlyk (jadygöýlik) bilen meşgullanýandyklaryny we dürli syýasy garaýyşlarynyň bolandygyny esasy baha hökmünde görkezdi. Bu wehşilik zäherlenen adamlaryň biriniň aman galyp, hassahana düşmegi we dükanyň eýesiniň etmişiniň üstüniň açylmagy bilen tamamlandy. Obanyň ýaşaýjylary wepat bolan adamlaryň hemmesiniň soňky gezek Jaýswalyň öýünde myhmançylykda bolandygyny anyklap, polisiýa habar berdiler. Häzirki wagtda bu waka boýunça jenaýat işi gozgalyp, giňişleýin derňew alnyp barylýar.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.