Oýun sanawy
Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda 11-nji Bütindünýä Aýurweda güni dabaraly bellenildi
23 Sen. 16:02Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Aýurweda — has sagdyn geljek üçin» diýen şygar astynda 11-nji Bütindünýä Aýurweda gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Bu çärä köpçülikleýin habar serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistandaky hindi jemgyýetiniň agzalary hem-de Hindistanyň dostlary gatnaşdylar.
Çäräniň resmi bölegi gadymy hindi saglygy goraýyş filosofiýasyny we onuň häzirki zaman lukmançylygyndaky ornuny düşündirmäge bagyşlandy. Dabaranyň myhmanlary üçin Hindistanyň tebigy derman serişdeleriniň, dermanlyk ösümlikleriniň we ösümlik ýaglarynyň baý sergisi guraldy. Guramaçylar sagdyn durmuş ýörelgeleri, bedeniň we ruhuň sazlaşygy barada gyzykly maglumatlary paýlaşdylar.
Aýratyn hem, ýoga boýunça geçirilen görkezme çykyşlary gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Hünärmenler we çykyş eden myhmanlar gündelik durmuşda sagdyn endikleri berkitmek boýunça öz maslahatlaryny berdiler.
Çäräniň çäginde Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Bandaru Wilsonbabu beyan.tm redaksiýasyna beren söhbetdeşliginde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary barada durup geçdi:
«Biz hindi jemgyýetiniň agzalarynyň we Hindistanyň dostlarynyň 11-nji Aýurweda gününi bellemek üçin bugün bize goşulandygyna örän şat. Türkmenistanyň Hökümeti Aýurwedany wagyz etmekde yzygiderli goldaw berip gelýär. Hindistandan gelen hünärmenler mundan ozal Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetinde hem-de Ýoga we däp bolan lukmançylyk merkezinde leksiýalary okadylar. Biz ýakyn gelejekde Hindistandan hem täze hünärmenleri çagyrmagy meýilleşdirýäris.
Däp bolan lukmançylykda, bilelikdäki barlaglarda we dermanlyk ösümlikleri öwrenmekde hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar, sebäbi Türkmenistan tebigy ösümliklere örän baýdyr. Munuň bilen birlikde, Hindistan lukmançylyk syýahatçylygynda, lukmanlary okatmakda, farmatsewtikada we diagnostikada Türkmenistan bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr.
Pursatdan peýdalanyp, geljek hepdede belleniljek Garaşsyzlygyňyzyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn», — diýip ilçi Bandaru Wilsonbabu belledi.
Geçirilen çäre iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we medeni hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädim boldy.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.
Şeýle hem okanyň