Oýun sanawy


Türkmenistanda «Lu Ban ussahanasynyň» işe girizilmegi boýunça hytaýly hyzmatdaşlar bilen maslahat geçirildi
06 Aprel. 06:09Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ylym-bilim edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş duşuşygy guraldy. Onlaýn duşuşygyň esasy maksady Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň binýadynda döredilen «Lu Ban ussahanasynyň» dabaraly açylyşyna taýýarlyk görmek we täze bilim merkeziniň işini netijeli guramakdan ybarat boldy. Maslahatyň dowamynda ussahananyň içki bezeg işleri, dabaranyň meýilnamasy we geljekki bilelikdäki ylmy taslamalaryň durmuşa geçiriliş ýagdaýy jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.
Täze döredilýän bu okuw-tejribe merkezi nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga ýöriteleşer. Ussahananyň çäklerinde «Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi» hem-de «Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary» ýaly möhüm bakalawr ugurlary boýunça okuwlar alnyp barlar. Şeýle hem bu merkez diňe talyplar üçin däl, eýsem, professor-mugallymlaryň we nebitgaz pudagynda işleýän hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin hem esasy meýdança öwrüler.
Ussahananyň maddy-tehniki binýady iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi. Häzirki wagtda bu ýerde geologiýa ugruna degişli 2 sany ýöriteleşdirilen tejribehana we maglumat tehnologiýalary boýunça 4 sany döwrebap otag taýýar edildi. Mundan başga-da, merkezde serwer bölümi, ylmy maslahatlar üçin mejlisler zaly we mugallymlar üçin gulluk otaglary göz öňünde tutulyp, olar hytaýly hünärmenleriň goldawy bilen gurluşyk-gurnama işlerinden doly geçirildi.
Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky bu hyzmatdaşlyk 2024-nji ýylda Sian şäherinde gol çekilen taryhy Ähtnamanyň netijesi bolup durýar. Hytaýyň öňdebaryjy nebit uniwersitetleri we Milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) bilen ýola goýlan bu gatnaşyklar talyplaryň tomusky tejribeliklerini geçmegine, tejribe alşylmagyna we sebitde energetika diplomatiýasynyň bilim arkaly berkitilmegine uly itergi berer.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi
10 Sen. 12:42Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.
Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.