Oýun sanawy


Ýurdumyzyň talyplarynyň arasynda geçirilen innowasion IT-bäsleşiginiň netijeleri jemlendi
30 Aprel. 07:41Aprel aýynyň 20-21-i aralygynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda «IT-Intellekt: Sanly Test – 2026» atly döwrebap hakaton geçirildi. Sanly ulgam arkaly guralan bu intellektual bäsleşige ýurdumyzyň 19 sany ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň zehinli talyplary gatnaşdylar. Çäre ýaşlaryň maglumat tehnologiýalary ugrundaky bilimlerini kämilleşdirmäge we innowasion tehnologiýalara bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga gönükdirildi.
Bäsleşigiň şahsy hasabynda iň ýokary görkezijini nümayiş etdiren Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Gran-pri baýragyna mynasyp boldy. Şeýle hem Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň hem-de Içeri işler ministrliginiň institutynyň wekilleri birinji orunlary eýelediler. Ýeňijileriň hatarynda ýurdumyzyň beýleki öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda nebitgaz, energetika we sport ugurly bilim ojaklarynyň talyplary hem dürli derejeli baýrakly orunlara eýe boldular.
Toparlaýyn bäsleşikde esasy üstünlik Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň toparyna miýesser etdi we olar Gran-pri baýragy bilen sylaglandy. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de bäsleşigi guran binagärlik-gurluşyk institutynyň toparlary degişlilikde birinji, ikinji we üçünji orunlary paýlaşdylar.
Hakatonyň ahyrynda öňe saýlanan talyplara we toparlara dabaraly ýagdaýda ýörite diplomlar gowşuryldy. Bu ylmy-döredijilikli bäsleşik ýaş hünärmenleriň arasynda tejribe alyşmak we sanly ykdysadyýetiň talaplaryna laýyk gelýän täze çözgütleri gözlemek üçin möhüm platforma boldy. Guramaçylaryň bellemegine görä, şeýle çäreler talyplaryň geljekki professional ösüşinde uly ähmiýete eýedir.
Şeýle hem okanyň


Resmi Apple dükanynda öňki nesil iPhone modelleriniň bahalary ýokarlandy
10 Sen. 15:35Apple kompaniýasy täze iPhone 18 Pro we iPhone Duo modellerini tanyşdyrandan soňra, özüniň resmi onlaýn-dükanynda öňki nesil smartfonlarynyň bahalaryny täzeledi. Dünýä bazarynda täze flagmanlaryň 100 dollar gymmatlamagy sebäpli, öň çykarylan smartfonlaryň bahalary hem deň derejede ýokarlandyryldy.
Täzelenen nyrhlara görä, iPhone 17e modeliniň bahasy 699 dollara, iPhone 16 bosa 799 dollara ýetdi. Şeýle hem iPhone 17 smartfony 899 dollardan, iPhone Air modeli bolsa 1099 dollardan satlyga hödürlenip başlandy. Adatça bolşy ýaly, kompaniýa öňki flagmanlary bolan iPhone 17 Pro we iPhone 17 Pro Max modellerini resmi dükandan aýyrdy.
Nyrhlaryň bu görnüşde ýokarlanmagy barada bilermenler hem-de Apple kompaniýasynyň öňki ýolbaşçysy Tim Kuk tarapyndan öňümizdäki aýlarda duýdurylypdy. Elektronika önümleriniň gymmatlamagyna emeli aň maglumat merkezleriniň artýan zerurlyklary sebäpli dörän ýat çipleriniň ýetmezçiligi esasy sebäp hökmünde görkezilýär.