Oýun sanawy

«Kids Expo-Chess Cup 2026» halkara küşt ýaryşynyň ýeňijileri yglan edildi

21 Awgust. 11:58

Çeşme

Aşgabatda geçirilýän «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde ilkinji gezek rapid we blitz ugurlary boýunça «Kids Expo-Chess Cup 2026» halkara küşt ýaryşy tamamlandy. Bäsleşige Türkmenistandan 79, şeýle hem Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Täjigistandan we Eýrandan 15 türgen gatnaşyp, jemi 36 medal ugrunda bäsleşdiler.

Ýaryşyň umumy netijeleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy 7 altyn, 9 kümüş we 8 bürünç (jemi 24 medal) gazanyp, komanda hasabynda birinji orny eýeledi. Eýranyň türgenleri 4 altyn, Gazagystan 1 altyn we 3 bürünç, Özbegistan 2 kümüş we 1 bürünç, Azerbaýjan bolsa 1 kümüş medal gazandy.

Rapid bäsleşiginde 8 ýaşly gyzlaryň arasynda Laçyn Isaýewa (Türkmenistan), oglanlarda Zakariýa Amirow (Gazagystan) birinji boldy. 10 ýaş kategóriýasynda Bägül Jumaýewa (Türkmenistan) bilen Kiaşa Mahbubi (Eýran), 12 ýaşda bolsa Dilber Hupbyýewa (Türkmenistan) hem-de Sadra Roşantab (Eýran) altyn medallara mynasyp boldular.

Blitz ugry boýunça 8 ýaşlylarda Näzli Kakageldiýewa bilen Begmyrat Agamämmedow (ikisi hem Türkmenistan) ýeňiji boldular. 10 ýaşly gyzlaryň arasynda Selbi Arslanowa (Türkmenistan), oglanlarda Kiaşa Mahbubi (Eýran) birinji orny eýeledi. 12 ýaş kategóriýasynda bolsa Dilber Hupbyýewa (Türkmenistan) we Sadra Roşantab (Eýran) rapidde gazanan üstünliklerini gaıtalap, blitzde hem altyn medallaryň eýeleri boldular.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Hytaýda geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşar

26 Okt. 08:09

Çeşme

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry — 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji Dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eder. Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň toparyny 10 sany türgen gorar. Zenanlaryň arasynda Ogulşat Amanowa, Şabnam Kerimbaýewa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa we Anamjan Rustamowa çykyş ederler. Erkekleriň bäsleşiginde bolsa Didarbek Jumabaýew, Bektimur Reýimow, Gaýgysyz Töräýew, Rüstem Annaberdiýew hem-de Şahzadbek Mätýakubow dagylar platforma çykarlar.

Ninbodaky bu Dünýä birinjiligi Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) tarapyndan agram derejeleriniň täze ulgamy kabul edilenden soňky ilkinji iri ýaryş bolup durýar. IWF-niň reformalaryna laýyklykda, öňki 20 agram derejesiniň deregine indi medallar toplumy 16 ugur boýunça — erkekleriň we zenanlaryň hersinde 8 agram derejesinde oýnalar. Şeýle hem Hytaýda geçiriljek bu abraýly bäsleşik 2028-nji ýylda Los-Anjelesde (ABŞ) guraljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş hökmünde uly strategik ähmiýete eýedir.

Bellenilmeli zat, Hytaý öz taryhynda eýýäm ikinji gezek agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny kabul edýär; bu ýurtda ilkinji dünýä birinjiligi 1995-nji ýylda geçirilipdi. Türkmen türgenleriniň täze agram derejelerinde görkezjek netijeleri milli sportumyzyň halkara meýdançasyndaky ornuny pugtalandyrmaga we Olimpiýa lisenziýalaryny gazanmaga uly mümkinçilik döreder.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌