Oýun sanawy

«Atletiko» we PSŽ Ýewropanyň iň abraýly ýaryşynyň ýarym finalyna çykdy

15 Aprel. 12:12

Çeşme

Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň jogap oýunlarynyň netijesinde ýarym finalçylaryň ilkinji düzümi belli boldy. Madridiň «Atletiko» we Parižiň «Pari Sen-Žermen» toparlary öz garşydaşlaryndan üstün çykyp, kubok ugrundaky göreşini dowam etdirýärler. Iki duşuşyk hem dartgynly häsiýetde geçip, netijeler soňky minutlara çenli syrlylygyny saklady.

«Metropolitano» stadionynda geçirilen oýunda «Atletiko» myhmanlary «Barselonadan» 1:2 hasabynda utulsa-da, umumy hasap boýunça ýeňiş gazandy. Madridlileriň birinji duşuşykda myhmançylykda gazanan 2:0 hasabyndaky artykmaçlygy olaryň ýarym finala çykmagyna ýeterlik boldy. Duşuşykda katalonlaryň gollaryna madridlileriň düzüminden Ademola Lukman bir pökgi bilen jogap berdi. Oýnuň soňky pursatlarynda «Barselonanyň» goragçysy Erik Garsiýanyň meýdançadan çykarylmagy myhmanlaryň ýagdaýyny has-da kynlaşdyrdy.

Fransiýanyň PSŽ topary bolsa «Liwerpulyň» meýdançasynda uly ýeňiş gazandy. Parižliler «Enfild» stadionynda geçirilen jogap oýnunda hem 2:0 hasabynda üstün çykyp, umumy hasapda garşydaşyna hiç hili pursat galdyrmadylar. Fransuz hüjümçisi Usman Dembele iki gezek tapawutlanyp, toparynyň ýeňşine uly goşant goşdy. Bu netije PSŽ-niň şu möwsümde Ýewropa arenalaryndaky güýjüni ýene bir gezek subut etdi.

Indiki tapgyrda «Atletiko» topary «Arsenal» — «Sporting» jübütiniň ýeňijisi bilen güýç synanyşar. PSŽ-niň garşydaşy bolsa «Bawariýa» we «Real Madrid» toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň netijesi boýunça belli bolar. Futbol janköýerleri öňümizdäki ýarym final oýunlarynda hem dünýä derejesindäki çekeleşikli bäsleşiklere garaşýarlar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmenistanyň U15 futbol ýygyndysy Bakuda geçirilýän FIFA festiwalynda ilkinji ýeňişlerini gazandy

Bugün 06:20

Çeşme

Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli (U15) ýetginjekler ýygyndysy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän FIFA-nyň bütindünýä festiwalynda we dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýär. Ýurdumyzyň ýetginjek futbolçylary L toparçada Gonkongyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda hem-de Kuk adalarynyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. Toparyň düzüminde Artýom Çernow 3 gol geçirip, iň netijeli hüjümçi boldy. Şeýle hem Guwanç Artykow, Serdar Agaýew we Zehnetdin Şarafatdinow hersi bir gezek tapawutlandylar.

Geçirilen duşuşyklarda türkmen futbolçylary Italiýanyň (1:5) we Kataryň (0:4) güýçli ýygyndylaryna ýeňilen hem bolsalar, geçiren 4 oýnundan soň 6 utuk toplap, toparçada üçünji orny eýelediler. Deslapky Tapgyryň soňky duşuşygyny milli ýygyndymyz 26-njy oktýabrda Beniniň toparçasy bilen geçirýär. Bakuwdaky bäsleşige baş tälimçi Aziz Kambarowyň we onuň kömekçisi Dawid Sarkisowyň ýolbaşçylygynda ham-da kapitan Şamyrat Namraýewiň serdarlygynda jemi 14 sany ýaş futbolçy ugradyldy.

Halkara ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, oýunlar kiçeldilen meýdançalarda 8×8 görnüşinde amala aşyrylyp, duşuşyklar 20 minutlyk iki taýmdan ybaratdyr. Deslapky tapgyrdan soň toparlar eýelän orunlaryna görä pleý-off diwizionlaryna бölünýärler we ýaryşyň dowamynda her bir ýygyndy jemi 10 oýun geçirer. Bu halkara turnir Türkmenistanyň ýaş futbolçylary üçin uly halkara tejribe we amaly mekdep öwrülýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌