Oýun sanawy

BSGG Russiýanyň Irkutsk oblastynda näbelli öýken çişmesiniň ýaýramak howpuny pes diýip bahalandyrdy

07 Okt. 13:10

Çeşme

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) resmi wekili Kristian Lindmaýer Russiýanyň Irkutsk oblastynda ýüze çykarylan näbelli pnewmoniýa (öýken çişmesi) ýagdaýy barada beýanat berdi. Sibir we Uzak Gündogar mergä garşy institutynyň 28 ýaşly hünärmeniniň bu kesel sebäpli aradan çykmagyndan soň, gurama geçiren derňewlerine esaslanyp, hastalagyň ilat arasynda giňden ýaýramak töwekgelçiliginiň örän pesdigini tassyklady.

BSGG-niň wekiliniň bellemegine görä, kesellän hünärmen bilen galtaşykda bolan 200 töweregi adam tizlikde anyklanylyp, lukmançylyk gözegçiligine alyndy we olaryň hiç birinde kesel alamatlary tapylmady. Häzirki wagtda saglygy goraýyş edaralary tarapyndan ýagdaý doly gözegçilikde saklanýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌