Oýun sanawy

Balkan welaýatynda 80 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyna garaşylýar

25 Mart. 09:46

Çeşme

Günbatar Türkmenistanyň bugdaý meýdanlarynda şu günlerde ak ekinlere ideg etmek işleri ýokary depginde dowam edýär. «Altyn asyr» elektron gazetiniň habar bermegine görä, Balkan welaýatynyň gallaçy daýhanlary 2026-njy ýylyň hasyl ýygymy möwsüminde 50 müň gektar ýerden jemi 80 müň tonnadan gowrak däne ýygnap almagy meýilleşdirýärler. Geçen güýzde ekilen we wagtynda oňat gögeriş alnan ekinleriň ýagdaýy häzirki wagtda geljekki bol hasylyň düýbüni tutýar.

Ekin meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, mineral we organiki dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de haşal otlara garşy göreşmek çäreleri yzygiderli alnap barylýar. Bu möwsümleýin işlerde döwrebap tehnikalaryň we tirkeg gurallarynyň güýjünden netijeli peýdalanylýar. Aýratyn hem, önümçilige ornaşdyrylan sanly ulgamlar we telematik usullar işleriň takyklygyny hem-de hilini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Welaýatyň Gyzylarbat, Bereket, Magtymguly, Etrek we Esenguly etraplarynda bugdaýa ideg etmek işleri has-da guramaçylykly ýola goýuldy. Ekin dolanyşygyndaky ýerleriň arassaçylygy we gerbosidleriň kadaly ulanylmagy hünärmenleriň hemişelik gözegçiliginde saklanýar. «Balkanobahyzmat» önümçilik birleşiginiň etrap bölümleriniň hünärmenleri daýhanlara tehniki hyzmatlary bökdençsiz amala aşyrmakda kömek berýärler.

Balkanly gallaçylaryň öňünde duran esasy wezipe — agrotehnikanyň kadalaryny gyşyksyz berjaý etmek arkaly bellenilen sepgitlere ýetmekdir. Häzirki wagtda amala aşyrylýan yzygiderli ideg işleri sebitiň azyk howpsuzlygyny berkitmäge we ýurduň umumy harmanyna mynasyp goşant goşmaga gönükdirilendir.

















Türkmenistanda gallaçylar güýzlük bugdaý ekilişine köpçülikleýin girişdiler

10 Sen. 10:44

Çeşme

Türkmenistanyň oba hojalyk zähmetkeşleri geljek ýylyň bol hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen güýzlük bugdaý ekilişine köpçülikleýin başladylar. Bu möhüm oba hojalyk kampaniýasy ýurduň ähli welaýatlarynda bir wagtyň özünde badalga aldy.

Oba hojalyk kärhanalary we daýhan hojalyklary möwsüme doly taýýarlykly geldiler. Ekiliş işlerinde ýokary öndürijilikli tehnikalar, şol sanda meşhur daşary ýurt önümçilikli traktorlar hem-de seýalkalar bökdençsiz bellenilen tertipde peýdalanylýar.

Gallaçylar ýerli toprak we howa şertlerine durnukly bolan, ýokary hilli bugdaý sortlaryny ekmegi meýilleşdirýärler. Bu işler ýurtda azyk bolçulygyny üpjün etmekde we oba hojalyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim bolup durýar.

Möwsümleýin meýdan işleriniň bellenilen möhletlerde we agrotehniki kadalara doly laýyklykda geçirilmegi üçin degişli hünärmenler tarapyndan yzygiderli gözegçilik we maslahat goldawlary guralýar.