Oýun sanawy

Özbegistanda mähelleleriň meselelerini çalt çözmek üçin emeli aň ulgamy ornaşdyrylýar

25 Iýun. 17:02

Çeşme

Özbegistanda ýerli öz-özüni dolandyrmagyň däp bolan ulgamy bolan mähellelerdäki iň derwaýys durmuş-ykdysady meseleleri gyssagly ýüze çykarmak we olary çözmek üçin emeli aň (EA) esasly innowasion platforma dörediler. Ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe guralan ýörite tanyşdyryş çäresinde mähelleleriň «ýediliginiň» (ýerli jogapkär işgärleriň) öýme-öý aýlanmagy netijesinde 1 million 365 müň raýatyň dürli meseleleriniň hasaba alnandygy mälim edildi. Bu näsazlyklary durnukly seljermek we öňünden duýmak maksady bilen, 35 sany ministrligiň we edaranyň maglumat binýady «Sanly mähelle» atly bir bitewi merkezi platforma birleşdiriler.

Mähelleleriň maliýe şertlerini we býujetini berkitmek üçin döwlet tarapyndan respublikan gaznasyna goşmaça 200 milliard sum bölünip berildi. Şeýle-de, sanitar kadalarynyň bozulmagyndan we bikanun gurluşyklardan gelýän jerimeleriň bir bölegi, şunlukda ýer we emläk salgytlaryndan alynýan paý 10%-den 15%-e çenli galdyrylyp, göni mähelleleriň býujetine yzygiderli gönükdiriler. Toplanan serişdeler içerki ýollary abatlamaga, çagalar we sport meýdançalaryny gurmaga hem-de mätäç maşgalalary goldamaga sarp ediler. Mundan başga-da, ýurtda «Milli mähelläni ösdürmek instituty» döredilip, ol her ýyl 21 müň işgäriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam eder. Ýurt Baştutany bu strategik taslamany dolulygyna goldady we degişli tabşyryklary berdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌