Oýun sanawy


Ýaponiýanyň MEXT stipendiýa maksatnamasyna arzalaryň kabul edilişi başlandy
23 Aprel. 08:45Aşgabatdaky Ýaponiýanyň ilçihanasy 2027-nji okuw ýyly üçin dünýä belli MEXT stipendiýa maksatnamasyna gatnaşmak isleýän türkmenistanly ýaşlardan arzalary kabul edip başlady. Ýaponiýanyň hökümeti tarapyndan doly maliýeleşdirilýän bu maksatnama, ýurdumyzyň zehinli talyplaryna Gündogar Aziýanyň öňdebaryjy bilim ulgamynda tejribe toplamak üçin täze gapylary açýar. Bu başlangyç iki ýurduň arasyndaky ylmy-bilim gatnaşyklaryny has-da berkitmäge we häzirki zaman tehnologiýalaryny özleşdirjek hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.
MEXT maksatnamasy talyplaryň saýlap biljek birnäçe ugurlaryny öz içine alýar. Dalaşgärler bakalawr derejesini almak, aspiranturada ylmy-barlag işlerini alyp barmak, şeýle hem hünär-tehniki bilim edaralarynda we ýöriteleşdirilen kollejlerde okamak üçin ýüz tutup bilerler. Hödürlenilýän maksatnamalaryň dürlüligi talyplara öz ukyplaryna we hünär gyzyklanmalaryna laýyk gelýän iň amatly okuw ýoluny saýlamaga mümkinçilik berýär.
Maksatnama kabul edilmek üçin bäsleşik esasynda geçirilýän synaglar şu ýylyň iýun aýynda guralar. Dalaşgärler diňe bir okuw dersleri boýunça däl, eýsem Ýaponiýanyň medeniýetine we diline bolan gyzyklanmalary boýunça hem baha alarlar. Ýaponiýanyň hökümeti tarapyndan üpjün edilýän bu stipendiýa okuw töleglerini, ýol we ýaşaýyş çykdajylaryny doly öz içine alýar. Bu bolsa ony dünýädäki iň abraýly we talyplar tarapyndan iň köp isleg bildirilýän bilim maksatnamalarynyň birine öwürýär.
Okuwyň ugurlary, resminamalary tabşyrmagyň tertibi we beýleki goşmaça talaplar barada ilçihananyň resmi web sahypasyndan has giňişleýin maglumat alyp bolýar. Dalaşgärleriň resminamalaryny bellenilen möhletlerde we anyk talaplara laýyklykda taýýarlamaklary örän möhümdir. MEXT maksatnamasyna gatnaşmak diňe bir ýokary hünär bilimi bolman, eýsem Ýaponiýanyň täsin tejribesini öwrenmek we dünýä derejeli ylmy jemgyýetçiligiň wekili bolmak üçin uly mümkinçilikdir.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.