Oýun sanawy

Özbegistan Türkmenistana bilelikdäki syýahatçylyk ugurlaryny döretmegi teklip etdi

24 Okt. 07:58

Çeşme

Aşgabatda Özbegistanyň syýahatçylyk pudagynyň ösüşine bagyşlanan brifing geçirildi. Onda özbek tarapy syýahatçylyk ulgamynda gazanylan üstünlikler hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada maglumat berdi.

Habarda bellenilişine görä, 2025-nji ýylyň ýanwar–sentýabr aýlarynyň aralygynda Özbegistana 8,6 million daşary ýurtly syýahatçy gelipdir. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 112,5% ýokarlanandygyny görkezýär. Şu ýylyň aprel aýyndan bäri ýurduň her aýda 1 milliondan gowrak daşary ýurtly myhmany kabul edýändigi aýdylýar.

Syýahatçylyk pudagy 2030-njy ýyla çenli ösüş strategiýasy esasynda ösdürilýär. Şol resminama laýyklykda, onýyllygyň ahyryna çenli daşary ýurtly syýahatçylaryň ýyllyk sanyny 15 million adama ýetirmek meýilleşdirilýär.

Gazanylan üstünlikleriň arasynda 90-dan gowrak döwletiň raýatlary üçin wizassyz düzgünleriň girizilmegi, syýahatçylyk infrastrukturasynyň kämilleşdirilmegi hem-de sanly hyzmatlaryň ornaşdyrylmagy bar. Şolaryň hatarynda Uzbekistan.travel internet portaly we UzTourism ykjam goşundysy aýratyn bellenilýär.

2025-nji ýylyň 28-nji oktýabryndan 13-nji noýabry aralygynda Samarkantda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji mejlisi geçiriler. Bu forum soňky 40 ýylyň içinde ilkinji gezek Pariždäki merkezi ofisden daşary geçirilýär. Oňa 194 döwletden 5 müňden gowrak wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar.

Özbek tarapy türkmen kärhanalaryny, maýadarlary we syýahatçylyk operatorlaryny bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga çagyrdy. Şol maksat bilen serhetara syýahatçylyk ugurlaryny — hususan-da «Hiwa – Köneürgenç – Aşgabat – Mary – Buhara» marşrutyny — döretmek teklip edildi.

Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň 27–29-njy noýabry aralygynda Daşkentde Halkara Syýahatçylyk Ýarmarkasy geçiriljekdir.

















Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi

10 Sen. 12:42

Çeşme

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.

Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.