Oýun sanawy

Özbegistan bilen Gyrgyzystan serhet demarkasiýasynyň çäginde özara ýer we oba alyş-berişligini amala aşyrdylar

25 Iýun. 10:38

Çeşme

Gyrgyzystan bilen Özbegistanyň arasynda döwlet serhediniň demarkasiýasy boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde, taryhy taýdan goňşy iki ýurduň arasynda obalary we ýer böleklerini özara çalyşmak çäresi amala aşyryldy. Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat kätibi Askat Alagozowyň beren maglumatlaryna salgylanýan «Daryo.uz» neşiriniň habar bermegine görä, ozal Özbegistanyň Fergana oblastynyň düzümine giren Çoňgara we Taşdepe obalary dolulygyna Gyrgyzystanyň düzümine geçirildi. Häzirki wagtda bu ilatly ýerlerde 2,5 müňe golaý etniki gyrgyzlar ýaşaýan bolup, olar indi resmi taýdan Gyrgyzystanyň raýatlygyny alyp bilerler.

Öz gezeginde, Gyrgyzystan hem serhetýaka zolakda meýdany we ölçegi deň bolan ýer böleklerini Özbegistanyň ygtyýaryna berdi. Şonuň ýaly-da, taraplar sebitdäki Saý we Taýan obalarynyň arasynda täze awtoulag ýolunyň gurluşygyny üpjün etmek maksady bilen, umumy meýdany 236 gektar bolan ýer böleklerini özara çalyşdylar. Gyrgyz tarapynyň tassyklamagyna görä, bu strategik ýoluň gurulmagy Batken oblastynyň ýaşaýjylaryna Aýdarken şäherinden Batken şäherine gysga wagtda we tiz barmaga mümkinçilik berer. Täze taslama arkaly iki şäheriň arasyndaky uzaklyk öňki 225 kilometrden göni 55 kilometre çenli gysgalar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌