Oýun sanawy


Darknet-de Boeing 737 we 787 uçarlarynyň tehniki çyzgylary satlyga çykaryldy
10 Awgust. 04:36Kiberjenaýatçylar Darknet torunda Boeing 737 we 787 kysymly raýat awiasion uçarlaryny öndürmek üçin ulanylýan inženerçilik resminamalaryny satlyga çıkardylar. Ogurlanan maglumatlar toplumynyň umumy möçberi 70 gigabaýta deňdir. Hakerler bu resminamalar üçin 200 müň dollar möçberinde pul talap edýärler.
Çeşmeleriň bellemegine görä, maglumatlar Ýaponiyanyň Sekisui Chemical holdingine degişli bolan hem-de ABŞ-da ýerleşýän SEKISUI Aerospace kompaniýasyndan ogurlanypdyr. Bu kärhana kompozit we termoplastik bölekleri öndürmek bilen meşgullanýar ham-da Boeing 737 we 787 maksatnamalarynyň esasy üpjünijisi hökmünde çykyş edýär.
Hakerler tarapyndan hödürlenýän arhiwde PDF formatyndaky zähmet çyzgylary, 3D modeller, STEP inženerçilik faýllary, materiallaryň spesifikasiýalary we fýuzelýažyň, ganatlaryň ham-da interýeriň gurluşyna degişli katalog resminamalary bar. Ogurlanan resminamalaň käbirinde ABŞ-nyň eksport gözegçiligi baradaky bellikler saklanýar.
Bellenilmeli ýeri, SEKISUI Aerospace kompaniýasy diňe bir Boeing bilen däl, eýsem Spirit AeroSystems, Triumph Group, NASA, Lockheed Martin we Northrop Grumman ýaly beýleki awiasion gigantlary bilen hem hyzmatdaşlyk edýär. Ýöne beýleki hyzmatdaşlaryň gizlin resminamalarynyň ogurlanandygy barada amaly tassyklama ýok.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.