Oýun sanawy


ABŞ 7-nji awgustdan 68 ýurt we Ýewropa Bileleşigi üçin söwda paçlaryny girizýär
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 68 ýurt we Ýewropa Bileleşigi üçin söwda paçlarynyň girizilýändigi barada permana gol çekdi diýip, «INTERFAX.RU» habar berdi.
Paçlar «gümrükhana we serhet gullugyna täze paçlary almak üçin zerur üýtgetmeleri girizmeklige ýeterlik wagt bermek maksady bilen», 7-nji awgustdan girizilýär diýip, CNN teleýaýlymy belledi.
Ak Tamda Hytaýy, Kanadany we Meksikany goşmak bilen, käbir ýurtlar babatda paçlaryň ýörite çözgütler arkaly sazlaşdyryljakdygyny nygtadylar. Kanada üçin paçlar 25 göterimliginden 35 göterime çenli ýokarlandyryldy.
30-41 göterim aralykdaky iň uly möçberli paýlar Alžire, Bosniýa we Gersogowina, Yraga, Laosa, Mýanma we Siriýa giriziler.
Permanda sanalmadyk ýurtlar üçin 10 göterim möçberde bazalaýyn paçlar giriziler.
Şol sanda GDA ýurtlarynyň arasyndan Gazagystandan we Moldawiýadan harytlara 25 göterim, Ýewropa Bileleşiginden harytlara 15 göterim möçberde gümrük paçlary girizilýär.
Şeýle hem okanyň
Iň köp görülen


Türkmenistanyň bank ulgamynyň zenan işgärleriniň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň bank pudagynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa welaýatlaryň hem-de şäherleriň saýlama tapgyrlarynda öňe çykan ýeňijiler gatnaşdy.
Bäsleşigiň ilkinji tapgyrynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň bank ulgamyndaky ösüşler, gazanylan sepgitler hem-de 2011–2030-njy ýyllar üçin bank ulgamyny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy esasynda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler.
Ikinji tapgyrda gatnaşyjylar aýdym, dessan ýa-da goşgular bilen çykyş etdiler. Jemleýji tapgyrda bolsa olar dabaraly saçak taýýarlap, milli naharlaryň taýýarlanylyşyny görkezdiler.
Netijeler boýunça:
üçünji orun — Ahal, Lebap welaýatlaryndan we Arkadag şäherinden gelen gatnaşyjylara;
ikinji orun — Balkan welaýatyndan we Aşgabat şäherinden gatnaşyjylara;
birinji orun — Mary welaýatynyň wekillerine;
Baş baýrak — Daşoguz welaýatynyň gatnaşygyna berildi.
Ýeňijiler we baýrak alanlar hormat hatlary hem-de gymmatly sowgatlar bilen sylaglandy.
Bäsleşigiň dabaraly bölegi estrada ýerine ýetirijileriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen tamamlandy.
Bäsleşik Türkmenistanyň Merkezi banky, Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi we Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi tarapyndan guraldy. Çäre Parahatçylyk we ynam ýylyna, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna, hemişelik bitaraplygyň 30 ýyllygyna, şeýle hem milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygyna bagyşlandy.