Oýun sanawy

ABŞ-da iPhone 18 Pro Max-yň eýeleri kyn ýagdaýda

05 Okt. 13:13

Çeşme

ABŞ-da iPhone 18 Pro Max ulanyjylarynyň käbiri öýjükli aragatnaşyk bilen bagly олутлы kynçylyklara duçar boldy. Smartfonlaryň tora birikmesini ýitirmegi sebäpli jaň etmek, SMS ugratmak we mobil internetden peýdalanmak mümkin bolmaýar. Aragatnaşyk näsazlyklary aýratyn-da AT&T operatorynyň müşderilerinde ýüze çykdy. Apple kompaniýasy bu meseläniň bardygyny tassyklap, näsazlyk ýüze çykan smartfonlaryň hyzmat merkezlerinde mugt çalşylyp beriljekdigini mälim etdi.

Kompaniýa öňräk iOS 27.0.1 täzelenmesini çykaryp, operatoryň sazlamalaryny täzelemegi maslahat beripdi. Emma bu çäre diňe näsazlygyň öňüni almaga kömek edýär, eýýäm tora birikmesini ýitiren enjamlarda peýda bermeýär. 9to5Mac neşiriniň maglumatyna görä, bu mesele ABŞ üçin niýetlenen iPhone 18 Pro Max modellerinde Qualcomm modemleriniň ulanylmagy bilen baglydyr. Apple-iň öz C2 modemine eýe bolan iPhone 18 Pro modellerinde bolsa şeýle kynçylyklar ýüze çykmady.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmenistanyň U15 futbol ýygyndysy Bakuda geçirilýän FIFA festiwalynda ilkinji ýeňişlerini gazandy

Bugün 06:20

Çeşme

Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli (U15) ýetginjekler ýygyndysy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän FIFA-nyň bütindünýä festiwalynda we dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýär. Ýurdumyzyň ýetginjek futbolçylary L toparçada Gonkongyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda hem-de Kuk adalarynyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. Toparyň düzüminde Artýom Çernow 3 gol geçirip, iň netijeli hüjümçi boldy. Şeýle hem Guwanç Artykow, Serdar Agaýew we Zehnetdin Şarafatdinow hersi bir gezek tapawutlandylar.

Geçirilen duşuşyklarda türkmen futbolçylary Italiýanyň (1:5) we Kataryň (0:4) güýçli ýygyndylaryna ýeňilen hem bolsalar, geçiren 4 oýnundan soň 6 utuk toplap, toparçada üçünji orny eýelediler. Deslapky Tapgyryň soňky duşuşygyny milli ýygyndymyz 26-njy oktýabrda Beniniň toparçasy bilen geçirýär. Bakuwdaky bäsleşige baş tälimçi Aziz Kambarowyň we onuň kömekçisi Dawid Sarkisowyň ýolbaşçylygynda ham-da kapitan Şamyrat Namraýewiň serdarlygynda jemi 14 sany ýaş futbolçy ugradyldy.

Halkara ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, oýunlar kiçeldilen meýdançalarda 8×8 görnüşinde amala aşyrylyp, duşuşyklar 20 minutlyk iki taýmdan ybaratdyr. Deslapky tapgyrdan soň toparlar eýelän orunlaryna görä pleý-off diwizionlaryna бölünýärler we ýaryşyň dowamynda her bir ýygyndy jemi 10 oýun geçirer. Bu halkara turnir Türkmenistanyň ýaş futbolçylary üçin uly halkara tejribe we amaly mekdep öwrülýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌