Oýun sanawy


Emeli aň üçin ägirt uly maýa goýumlary: Microsoft bary-ýogy üç aýyň içinde maglumat merkezlerini kärendesine almak barada $130 milliardlyk şertnama baglaşdy
03 Awgust. 16:20Microsoft kompaniýasy üstümizdäki ýylyň geçen çärýeginde täze maglumat merkezlerini (ЦОД) kärendesine almak barada 130 milliard dollardan gowrak möçberde şertnamalar baglaşdy. Korporasiýa bu barada geçen çärýegiň hem-de iýun aýynda tamamlanan maliýe ýylynyň netijeleri baradaky resmi hasabatynda yglan etdi.
Financial Times gazetiniň ýazmagyna görä, bu görkeziji Microsoft-yň taryhyndaky kärende borçnamalary boýunça iň uly çärýeklik ösüşdir.
Kompaniýanyň geljekki kärende tölegleriniň umumy möçberi (tölegleri entek başlanmadyk desgalar boýunça) 196,6 milliard dollardan 329,1 milliard dollara çenli ýokarlandy.
Infrastrukturanyň bu derejede giňelmegi emeli aň tehnologiýalarynyň çalt ösmegi netijesinde bulut hyzmatlaryna bolan islegiň göz-görtele artmagy bilen baglanyşyklydyr. Microsoft muny bilen emeli aň işläp düzüjileriniň, aýratyn hem OpenAI we Anthropic ýaly iri kompaniýalarynyň barha artýan isleglerini kanagatlandyrmagy maksat edinýär.
Kompaniýanyň çärýeklik maliýe görkezijileri hem uly ösüşi görkezýär:
Çärýeklik girdeji: 90 mlrd dollar (geçen ýyl bilen deňeşdirilende 18% ösüş).
Arassa girdeji: 35,8 mlrd dollar (31% ösüş).
Azure bulut hyzmatlaryndan we täjirçilik bulut çözgütlerinden gelýän girdeji: 43% ýokarlandy.
Sargytlar bukjasy: 84% ösüp, 678 mlrd dollara ýetdi.
Microsoft kompaniýasynyň baş direktory Satýa Nadella geljek iki ýylyň dowamynda maglumat merkezleriniň kuwwatyny iki esse artdyrmagy niýet edinýändiklerini yglan etdi. Korporasiýa geçen maliýe ýylynda eýýäm 88 sany täze maglumat merkezini işe girizdi.
Kompaniýanyň ýolbaşçylary umumy möçberi 130 milliard dollardan gowrak bolan bu täze borçnamalaryň häzirki wagtda kompaniýanyň amala aşyrýan çykdajylarynda görkezilmeýändigini düşündirdiler. Olar kärendesine alnan desgalar tapgyrlaýyn işe girizilip, tölegler amala aşyrylyp uglananda nazara alnar.
Şeýle hem okanyň


Harri Keýn 2025/26 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn top» baýragynyň eýesi boldy
Bugün 03:06Mýunheniň «Bawariýa» klubunyň we Angliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/26 möwsüminiň jemi boýunça dünýä futbolynyň iň abraýly şahsy baýragy bolan «Altyn topa» mynasyp boldy. Dabaraly çäre 26-njy oktýabrda Londondaky «London Palladium» teatrynda geçirildi we bu baýrak 70 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Fransiýanyň daşynda gowşuryldy. Keýn ses berişlikde Kilian Mbappeden we Lamin Ýamaldan öňe geçmegi başardy, şeýle hem ol möwsümiň iň gowy bombardiri hökmünde Gerd Mýuller adyndaky baýraga eýe boldy.
Geçen möwsüm 33 ýaşly iňlis hüjümçisi üçin karýerasyndaky iň netijeli döwür boldy. Ol «Bawariýanyň» düzüminde ähli ýaryşlarda 61 gol geçirip, toparyna Germaniýanyň çempionlygyny we ýurduň Kubogyny utmaga uly goşant goşdy. Mundan başga-da, Keýn Dünýä çempionatynda Angliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 6 gol urup, toparynyň ýarym finala çenli ýetmegine kömek etdi. Bu ýeňiş iňlis futboly üçin hem taryhy waka öwrüldi, sebäbi iň soňky gezek bu baýragy 2001-nji ýylda Maýkl Ouen alypdy.
Ses berişligiň netijeleri boýunça ikinji orny Madridiň «Realyndan» Kilian Mbappe (42 gol), üçünji orny bolsa «Barselonadan» Lamin Ýamal (24 gol, 18 assist) eýeledi. Ilkinji onluga şeýle hem Rodri, Lionel Messi, Hwiça Kwarasheliýa, Usman Dembele, Erling Holand, Maýkl Olise we Fabian Ruis girdiler. Zenanlaryň arasynda bolsa «Altyn top» baýragyna karýerasynda üçünji gezek ispan ýarymgoragçysy Aleksiýa Putelýas mynasyp görüldi.