Oýun sanawy

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

18 Iýun. 06:57

Çeşme

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly meşhur tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy.

Bu asman jisimi 2003-nji ýylyň 10-njy martynda italiýaly astronomlar topary tarapyndan ýüze çykarylypdy. Asteroide ady dakmak başlangyjy bilen ony ilkinji bolup tapanlar Fabrisio Bernardi we Maura Tombelli çykyş etdi. Kiçi jisimleriň nomenklaturasy boýunça işçi topary bu teklibi makullady we asman jisimi resmi taýdan «(120097) Janniksinner» adyny aldy.

Astronomlaryň aýtmagyna görä, bu çözgüt diňe bir tennisçiniň sportdaky uly üstünlikleri bilen däl-de, eýsem onuň kortda we kortuň daşynda görkezýän ynsanperwer gymmatlyklary, asylly häsiýetleri bilen hem göni baglanyşyklydyr.

Häzirki wagtda 24 ýaşly Sinner ATP reýtinginde dünýäniň birinjiraketli tennisçisi bolup durýar. Onuň hasabynda ýekelikdäki ýaryşlarda 29 sany ATP tituly, «Uly tuwulga» ýaryşlarynda dört sany taryhy ýeňiş we ATP-niň Jemleýji ýaryşynda gazanylan iki sany uly titul bar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmenistanyň U15 futbol ýygyndysy Bakuda geçirilýän FIFA festiwalynda ilkinji ýeňişlerini gazandy

Bugün 06:20

Çeşme

Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli (U15) ýetginjekler ýygyndysy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän FIFA-nyň bütindünýä festiwalynda we dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýär. Ýurdumyzyň ýetginjek futbolçylary L toparçada Gonkongyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda hem-de Kuk adalarynyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. Toparyň düzüminde Artýom Çernow 3 gol geçirip, iň netijeli hüjümçi boldy. Şeýle hem Guwanç Artykow, Serdar Agaýew we Zehnetdin Şarafatdinow hersi bir gezek tapawutlandylar.

Geçirilen duşuşyklarda türkmen futbolçylary Italiýanyň (1:5) we Kataryň (0:4) güýçli ýygyndylaryna ýeňilen hem bolsalar, geçiren 4 oýnundan soň 6 utuk toplap, toparçada üçünji orny eýelediler. Deslapky Tapgyryň soňky duşuşygyny milli ýygyndymyz 26-njy oktýabrda Beniniň toparçasy bilen geçirýär. Bakuwdaky bäsleşige baş tälimçi Aziz Kambarowyň we onuň kömekçisi Dawid Sarkisowyň ýolbaşçylygynda ham-da kapitan Şamyrat Namraýewiň serdarlygynda jemi 14 sany ýaş futbolçy ugradyldy.

Halkara ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, oýunlar kiçeldilen meýdançalarda 8×8 görnüşinde amala aşyrylyp, duşuşyklar 20 minutlyk iki taýmdan ybaratdyr. Deslapky tapgyrdan soň toparlar eýelän orunlaryna görä pleý-off diwizionlaryna бölünýärler we ýaryşyň dowamynda her bir ýygyndy jemi 10 oýun geçirer. Bu halkara turnir Türkmenistanyň ýaş futbolçylary üçin uly halkara tejribe we amaly mekdep öwrülýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌